RÖWŞEN GELJEGI GURUJYLAR

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary bilen ýetip gelen täze, 2023-nji ýylyň şygary «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 2022-nji ýylyň 29-njy dekabrynda geçirilen bilelikdäki mejlisinde hormatly Prezidentimiz Milli Geňeşiň Mejlisi tarapyndan teklip edilýän 2023-nji ýylyň şygaryny we nyşanyny goldady hem-de tassyklady. Bu ajaýyp waka, bu hoş habar ähli türkmen ýaşlarynyň buýsanjyna buýsanç goşdy. Olaryň mundan beýläk-de Arkadagly Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine mynasyp goşant goşmak hyjuwyny, ata Watanymyza, mähriban halkymyza söýgüsini has-da artdyrdy.

«Ýyllar gelýär bir-birinden zyýada» diýen ýörgünli söz bar. Bu
hakykatdan-da şeýle. Biz bu durmuş hakykatyna her ýylda bolup geçýän, ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýan şanly wakalarda, ýetilýän belent sepgitlerde, gazanylýan beýik ösüşlerde, halkara üstünliklerimizde aýdyň göz ýetirýäris.

Uly üstünlikler bilen jemlenen «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly hem taryhy wakalara, beýik özgertmelere, döwletli tutumlara örän baý boldy. Bu ýyl ýaşlaryň durmuşynda-da hiç mahal unudylmajak ajaýyp wakalara, bagtly pursatlara beslendi. Geçen ýyl ýaşlaryň durmuşynda uly özgerişlere badalga berlen ýyl boldy. Muňa ýylyň dowamynda olaryň röwşen geljegi hakyndaky uly aladalar bilen baglylykda, döwlet derejesinde bolup geçen wakalara birin-birin ser salnanda magat göz ýetirmek mümkin.

Ilki bilen, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň 11-nji fewralda geçirilen nobatdan daşary mejlisi, onuň ýaşlaryň durmuşyndaky uly orny barada gürrüň etmek möhümdir. Çünki hut şol umumymilli forumda ata Watanymyzyň beýik geljeginiň eýelerine — ýaşlara belent we synmaz ynam bildirildi. Olaryň ykbalynda düýpli özgerişlere badalga berildi. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri» diýlip atlandyrylan täze taryhy döwre gadam goýuldy. Ýurdumyzy geljek 30 ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy kabul edildi. Mejlisde eden çuň many-mazmunly çykyşynda Gahryman Arkadagymyz häzirki döwürde amala aşyrylýan işleriň ýaşlar üçin edilýändigini, olaryň köpüsiniň Garaşsyz Watanymyz bilen ýaşytdaşdygyny, ýakyn wagtda eziz Diýarymyzyň kämil raýatlary boljakdyklaryny hem-de öňde goýlan wezipeleri işjeň durmuşa geçirmäge gatnaşjakdyklaryny aýdyp: «Garaşsyz döwletimiziň geljekki ösüş ýoluny olar kesgitlemelidir» diýip nygtady. Şeýle-de hormatly Arkadagymyz: «Ýaşlar biziň geljege bolan ähli umyt-arzuwlarymyzyň amala aşmagydyr. Ata Watanymyzyň buýsanjy hem-de üstünlikleridir. Türkmenistanlylaryň täze nesli täze ösüş ugrunyň hereketlendiriji güýjüne öwrülmelidir. Olar öz nesliniň jogapkärli we gujur-gaýratly, örän sowatly hem-de sagdyn wekilleri bolarlar. Biziň ýaşlarymyz öz ata-babalarynyň däplerini dowam edip, häzirki bazar ykdysady şertlerinde işlemäge taýýar bolarlar. Bütin dünýäde uly abraýy bolan parahat we gülläp ösýän ýurdunyň hakyky watançylaryna öwrülerler» diýmek bilen, bagtyýar türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirdi. Gahryman Arkadagymyzyň şol taryhy mejlisde aýdan «Ýaşlar döwletimiziň şu güni we geljegidir», «Ýaşlar biziň başyny başlan işlerimizi mynasyp dowam etdirijilerdir» diýen buýsançly sözleri bolsa bu günki gün ýaş türkmenistanlylaryň serinde sena, ýüreginde ýörelgä, durmuşynda şygara öwrülip, olary beýik işlere, belent maksatlara, nurana ertirlere, mertebeli menzillere ruhlandyrýar.

2022-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen oba hojalyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň bagtyýar talyplary bilen duşuşyp, olara açyk okuw sapaklaryny geçdi. Halypalyk sargytlaryny aýdyp, gymmatly maslahatlaryny berdi. Serhetçi esgerler bilen bolan duşuşygynda-da olaryň ýaşlar syýasaty hakyndaky pikirleridir tekliplerini diňledi. Geljekki maksatlary bilen gyzyklandy.

31-nji maýda Türkmen oba hojalyk institutynyň bagtyýar talyplary bilen duşuşygynda alym Arkadagymyz: «Kitaby söýüň, ylymly-bilimli ýaşlar bolup, ata Watanymyza wepaly gulluk etmek beýik mertebedir!» diýip, ýaşlara sargyt etdi. Gymmatly maslahatlaryny, öwüt-nesihatlaryny berdi. Bu ýokary okuw mekdebinde, onuň yzy süre 9-njy iýunda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda talyplar bilen bolan duşuşyklarynda Gahryman Arkadagymyz bagtyýar türkmen ýaşlaryna «Geljek siziň bilendir!» diýip, buýsançly ýüzlendi. Bu sözler döwrebap şertlerde, häzirki zaman derejesinde ylym-bilim alýan, hünär öwrenýän türkmen ýaşlaryna bildirilýän belent ynamy, olardan garaşylýan il-ýurt bähbitli beýik işler, ylmy açyşlardyr döredijilik gözlegleri baradaky umyt-arzuwlary özünde jemleýär.

Tamamlanan ýylyň 3-nji sentýabrynda Mary welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda bilim alýan talyp ýaşlar bilen duşuşygynda alym Arkadagymyz elektroenergetika ulgamynyň taryhy, beýik ösüşleri barada baý many-mazmunly söz sözledi. Hormatly Arkadagymyz giňişleýin çykyşyny: «Siz halkymyz üçin, ykdysadyýetimiziň pudaklary üçin aýratyn möhüm bolan energetika ulgamynda işlemäge mümkinçilik alan bagtly ýaşlarsyňyz!» diýen buýsançly sözleri bilen jemledi. Bu taryhy duşuşykda Gahryman Arkadagymyz döwlet ýaşlar syýasaty hakyndaky rejelenen görnüşde kabul edilen Türkmenistanyň Kanuny bilen baglylykda, talyplaryň pikirini-de diňledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini, döwletli başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirip, üstünlikli rowaçlandyrýar. Türkmen ýaşlarynyň hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi babatda-da taýsyz tagallalary edýär. Şunda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen VII gurultaýynda guramanyň öňünde durýan belent wezipeler kesgitlenip, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» rejelenen görnüşdäki Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmeginiň, 23-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet Maslahatynyň yzysüre geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde «Türkmenistanda ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak hakynda» Karara gol çekilmeginiň ähmiýeti örän uludyr. Çünki bu resminamalar arkaly ýurdumyzyň ýaşlaryna, şol sanda ýaş maşgalalaryna giň mümkinçilikler döredildi. Döwlet tarapyndan olara berilýän uly goldaw-hemaýatlar, durmuş ýeňillikleri esaslandyryldy.

Arkadagly Serdarymyzyň agzalan gurultaýda belleýşi ýaly, ýaşlar mähriban halkymyzyň, eziz Watanymyzyň beýik geljegini gurujylardyr, jemgyýetiň iň işjeň bölegidir. Çünki ýaşlykda örän uly joşgunly güýç, röwşen geljege synmaz ynam, egsilmez hyjuw hem-de çäksiz söýgi bar. Bu günki gün ylym-bilim, sport ýa-da medeniýetdir sungat ugrundan dünýäde uly üstünlikleri gazanýan türkmen ýaşlaryny göreniňde, olaryň döwletimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçiliklere, bildirilýän belent ynama mynasyp jogap bermäge çalyşýandyklaryna aýdyň göz ýetirip, örän buýsanýarsyň.

Şular hakda oýlananyňda, bir hakykat sere dolýar. Döwür ýaşlaryň deminden güýç alýar, ýaşlygyň joşgunyndan hyjuwlanýar! Döwrüň batly gadamlarynda ýaşlaryň ýürek urgusy, sesi eşidilýär! Täze, 2023-nji ýylyň çuň many-mazmunly nyşanynda ýurdumyzyň kartasynyň ýokarsynda uçup barýan guşuň keşbini hem-de ýaşajyk pyntygy ýatladýan şekil bilen suratlandyrylyşy ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda türkmeniň ýüregi hyjuwly, gollary gujurly ýaş nesillerine belent sepgitler, beýik ösüşler garaşýar!

Goý, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen kämil ýaşlarymyz bilen belent maksatlarymyz myrat tapsyn! Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleri, döwletli ýoly Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mundan beýläk-de dowamat dowamat-dowam bolsun!

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY