Hakykatdan-da hemmämiziň bilşimiz ýaly teatryň ojagy mukaddes hasaplanýar. Şol mukaddes ojakda giden bir gülküni kemala getirýän owadan sahna, tomaşaçylaryň gülki şatlygyny egnine serpaý edip ýapynýar. Elbetde ýedi ýaşdan, ýetmiş ýaşlyny gülkiler dünýäsine çagyrýan teatrlaň gapysy elmydama adamlardan dolulydyr. Sebäbi teatr, özine gelýän tomaşaçyny uly bir gülkä ýuguryp, gyzgyn el çarpyşmalaryny gazanýar. Ýurdymyzda deňi-taýy bolmadyk 11-sany owadan ak mermerden gurlyp ulanylmaga berlen kaşaň teatrlar, ençeme ýyllar bäri halkymyza hyzmat edýär. Mukaddes sahnada her bir goýulýan sahna eseri tomaşaçylaryň teklipleri esasynda dürli temalardan alynyp uly ispektakly sahna oýny tomaşaçylaryň dykgatyna hödürlenýär. Şol uly ispektakl-da biziň naýbaşy artistlerimyz jogapkärçiligi talap edýän keşplere girip tomaşaçyny ynandyrmagy başaryp bilýändigini aýtsak ýalňyşmarys.
Goý türkmen teatr sungatyna uly sarpa goýýan, Milli Lidermiziň Arkadagly Serdarmyzyň janlary sag ömürleri uzak bolsun, alyp barýan il bähbitli ýurt ähmiýetli beýik maksatly tutumly işleri hemişe üstünliklere beslensin.
B.BAÝRAMOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar Guramasynyň Ahal welaýatynyň
Bäherden etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.