18-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň birnäçe orunbasarlarynyň we käbir pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Milli Liderimiz hoş habaryň gelip gowşandygy — şu ýylyň 14-nji ýanwarynda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatyň jemleýji resminamasynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisiniň resminamasy hökmünde beýan edilendigini hem-de onuň bu guramanyň resmi dillerinde çap edilendigini aýdyp, bu şanly waka mynasybetli halkymyzy we ýurdumyzyň ähli diplomatik işgärlerini gutlady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri häzirki döwürde ýurdumyzda halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmek, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen halkara çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan giň möçberli taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasyny mundan beýläk-de ösdürmek we bu işleri netijeli dowam etmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Ykdysadyýet we maliýe ulgamlaryna gözegçilik edýän wise-premýer hem-de ýurdumyzyň Merkezi bankynyň ýolbaşçysy çykyş edip, bank-maliýe ulgamynyň, ykdysady toplumyň işini döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler. Ýurdumyzda maýa goýum işjeňligini artdyrmak, ykdysadyýeti pugtalandyrmak, şeýle hem maliýe-ykdysady düzümleriň işini yzygiderli kämilleşdirmek hakynda aýdyp, hormatly Prezidentimiz degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi. Gurluşyk we senagat toplumlaryna gözegçilik edýän wise-premýer häzirki döwürde ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, gurluşyk düzümleriniň işini kämilleşdirmek, önümçilik we durmuş maksatly taslamalary işläp taýýarlamak boýunça milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz gurluşyk we energetika ulgamyna degişli taslamalar taýýarlanylanda olaryň ähmiýetiniň we ýerli aýratynlyklaryň göz öňünde tutulmalydygyny, gurluşyklaryň uzak möhletleýin häsiýete eýe bolmalydygyny belledi we wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.
Söwda toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer dokma toplumynyň kärhanalaryna häzirki zaman usullaryny, täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem ýurdumyzy durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Dokma senagaty kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek, bu ugurda täze taslamalary durmuşa geçirmek meseleleriniň wajypdygyny belläp, hormatly Prezidentimiz bu babatda degişli düzümler bilen bilelikde zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi.
Maslahatyň dowamynda ulag we kommunikasiýa toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer ýurdumyzda ulag-logistik düzüminiň işini kämilleşdirmek, aragatnaşyk pudagyna häzirki zaman tehnologiýalaryny, sanly ulgamy ornaşdyrmak hem-de degişli ugurlarda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada hasabat berdi. Milli Liderimiz bu ugurda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna we häzirki zamanyň ösen tejribelerine laýyk gelmelidigine ünsi çekdi. Soňra döwlet Baştutanymyza nebitgaz toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi ýurdumyzy 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça möhüm wezipeler bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny işjeňleşdirmek bilen bir hatarda, Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek meseleleriniň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyna ünsi çekip, milli Liderimiz degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryna gözegçilik edýän wise-premýer häzirki döwürde ylym-bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmek, sanly ulgamy ösdürmek we ylmyň gazananlaryny ähli ugurlara ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň ylmy taýdan esaslandyrylmagynyň möhümdigini belläp, degişli ylmy-barlaglary geçirmek boýunça wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Soňra milli Liderimiz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryna gözegçilik edýän wise-premýere ýüzlenip, alnyp barylýan işleriň we ýurdumyzda degişli ugurlar boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyna ünsi çekdi, bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, halkara hyzmatdaşlygyny we daşary syýasy aragatnaşyklary işjeňleşdirmek, şeýle hem halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly birnäçe meselelere garaldy.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylara alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
“Nesil” gazeti,
20.02.2020ý.