SAG­LYK — ÝA­ŞAÝ­ŞYŇ ÝOKARY HIL DEREJESI

Raýatlaryň saglygyny döwletimiziň baş baýlygy hasaplaýan Gahryman Arkadagymyz 25-nji fewralda wise-premýer, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň başlygynyň hem-de saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Milli Liderimiz Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan pandemiýanyň döremek — täze koronawirus zerarly ýüze çykýan ýiti öýken sowuklama keseliniň dünýäde ýaýramak howpunyň çaklanylýandygy bilen baglylykda, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi baradaky hasabatlary diňledi.

Wise-premýer, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň başlygy milli Liderimize ýörite meýilnama laýyklykda, Türkmenistanda ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça çäreleri güýçlendirmek babatda maksadalaýyk işleriň alnyp barylýandygyny, degişli düzümleriň döredilendigini, ýagdaýlaryň yzygiderli seljerilýändigini hem-de degişli çäreleriň görülýändigini habar berdi. Howpsuzlygy üpjün etmek üçin degişli gözegçilik geçirilýär. Daşary ýurtlardan gelýän raýatlary lukmançylyk gözegçiligine almak çäresi ýola goýuldy. Şeýle hem epidemiologik ýagdaý durnuklaşýança, bu keseliň ýaýran döwletlerine, gulluk zerurlygyndan başga halatlarda, türkmenistanlylaryň gitmekleri çäklendirildi. Şol ýurtlaryň raýatlarynyň Türkmenistana gelmegi bilen baglylykda gözegçilik güýçlendirildi. Türkmenistanyň Halkara howa menzillerinde, ähli döwlet serhet geçelgelerinde, deňiz, awtomobil hem-de demir ýollarynda arassaçylyk-karantin nokatlarynyň we bölümleriniň gije-gündiz nobatçylygy dowam edýär. Döwrebap tehniki we anyklaýyş enjamlarynyň kömegi arkaly lukmançylyk gözegçiligi geçirilýär, karantiniň amala aşyrylmagy üçin zerur bolan enjamlar we derman serişdeleri bilen üpjün edilýär. Zyýansyzlandyryjy, antiseptiki we derman serişdeleriniň ätiýaçlyk gory döredilip, lukmanlar şahsy gorag eşikleri bilen üpjün edildi.

Ilatyň arasynda ýiti respirator kesellerine garşy sanjym işleri geçirilýär, çagalar bagyna gatnaýan çagalaryň we olaryň ene-atalarynyň, talyplaryň hem-de mekdep okuwçylarynyň arasynda ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça geçirilýän wagyz-nesihat işleri has-da güýçlendirildi we berk gözegçilige alyndy. Saglygy goraýyş edaralarynda ýokanç keseller barada amaly-okuw maslahatlary guralýar.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça daşary ýurtlardan getirilýän azyk önümleriniň, halkyň sarp edýän harytlarynyň getirilmegine gözegçilik işleri güýçlendirildi.

Soňra saglygy goraýyş we derman senagaty ministri hasabat bilen çykyş etdi. Ol öz hasabatynda keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň merkezleriniň döredilmegini belledi.

Ulaglaryň ähli görnüşlerinde, gümrük nokatlarynda degişli hemişelik gözegçilik üpjün edildi. Ýükleri barlamak, ulag serişdeleriniň zyýansyzlandyryş işlerini geçirmek boýunça çäreler güýçlendirildi. Daşary ýurtlardan gelýän raýatlar lukmançylyk barlagyndan geçýärler. Epidemiologik gözegçiligi amala aşyrylýan nokatlardan barlaghana nusgalary alnyp barlanylýar. Ýokanç keselleriň öňüni alyş merkezi hem-de Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi ýokanç keselleri anyklamak üçin zerur bolan reaktiwler, sarp ediş serişdeleri bilen doly üpjün edildi.

Möwsümleýin dümew keseline garşy öňüni alyş sanjymlary geçirilýär. Ýurdumyz boýunça maglumatlar jemlenilip, gündelik hasabatlar düzülýär. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde öňüni alyş maslahatlary çap edilýär, maşgala lukmanlary tarapyndan ilatyň arasynda degişli wagyz-nesihat işleri geçirilýär.

Ministr öz hasabatynda koronawirus ýokanjy bilen bagly bu howply keseliň biziň ýurdumyzda bellige alynmandygyny habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz pandemiýa howpuny çaklaýan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň bar bolan maglumatlaryny nazara almak bilen, howply ýokanç keseline ygtybarly böwet goýmak hem-de watandaşlarymyzyň saglygyny goramak üçin islendik ýagdaýlaryň döremegine taýýar bolmagyň zerurdygyny belledi. Şoňa görä-de, milli Liderimiz öňüni alyş çärelerini pugtalandyrmak maksady bilen, yzygiderli gözegçiligi alyp barmagyň wajypdygyny nygtady.

Türkmenistanlylaryň daşary ýurtlara syýahatçylyk, medeni-köpçülik, sport we beýleki maksatlar bilen sapara iberilmegine gözegçilik etmek zerurdyr. Şeýle maksatlar bilen, ýurdumyza daşary ýurtlardan gelýän raýatlaryň içgin lukmançylyk barlagyndan geçirilmegini dowam etmek wajypdyr.

Milli Liderimiz maslahatyň jemini jemläp, halkymyzyň saglygy hemde abadançylygy baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtap, degişli gulluklaryň giň möçberli işiniň, öz wagtynda görlen çäreleriň hem-de olaryň işiniň takyk utgaşdyrylmagy netijesinde Türkmenistanda howply koronawirus keseliniň ýekeje ýagdaýynyň hem hasaba alynmandygyny nygtady we maslahata gatnaşyjylara öňde goýlan wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw etdi.

“Nesil” gazeti,

27.02.2020ý.