DEMOKRATIK ÖZGERTMELERIŇ ÝOLY BILEN

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýetli bolan wakalaryň ýokary derejede geçirilmegine aýratyn üns berilýär. Şu günler döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda syýasy çäre boljak, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 26-njy martynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işleri giň gerimde dowam edýär. Bu saýlawlar Türkmenistan döwletimiziň syýasy ösüşiniň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, döwlet häkimiýetiniň edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de raýat jemgyýetini mundan beýläk-de jebisleşdirmek üçin amatly şertleri döreder.

Saýlawlaryň guramaçylykly hem işjeň ýagdaýda geçirilmegi eziz Watanymyzda milli demokratik ýörelgeleriň rowaçlanýandygyny subut edýär. Bu bolsa ýurdumyzda adam hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň pugta goralýandygynyň aýdyň alamatydyr. Milli ýörelgelerimize esaslanyp, geçiriljek saýlawlaryň taýýarlyk işlerine jemgyýetçilik gurama höküminde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat, şäher, etrap Geňeşleriniň işgärleri hem-de işjeň agzalary işjeň gatnaşýarlar. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna hödürlenýän dalaşgärleriň arasynda ýaşlaryň bolmagy, saýlawlaryň geçirilişine ýardam berýän milli synçylaryň hem köp böleginiň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat, şäher, etrap Geňeşleri tarapyndan hödürlenen ýaşlaryň bolmagy hem türkmen ýaşlarynyň ýurdumyzda geçirilýän döwlet derejesindäki syýasy çärelere işjeň gatnaşýandyklarynyň, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýandyklarynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu saýlawlaryň ýokary raýat işjeňliginiň hem-de jemgyýetimiziň syýasy kämilliginiň mysalyna öwrüljekdigine ynanýarys.

 

Altyn ATAKOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň  Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 11 okalan

GADYMY KÖNEÜRGENJE SYÝAHAT

27 Noýabr 2024 | 77 okalan

ÝAŞLYGYŇ JOŞGUNY