YLYM - ÖSÜŞE GANAT

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ylym ulgamyny ösdürmek, onuň mümkinçilikleriniň gerimini giňeltmek, şol bir wagtyň özünde, ösen innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak işleri üstünlikli amala aşyrylýar. Ylmyň kämilleşmegi öňegidişligiň barha ilerlemegine, bar bolan ylmy ugurlaryň mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna,  täze ylmy ugurlaryň açylmagyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Ýurdumyzda ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny ornaşdyrmak arkaly onuň mümkinçiliklerini ykdysadyýetde, oba hojalygynda, senagatyň dürli pudaklarynda, nebit-gaz, suw üpjünçiligi, ekologiýa, tehnologiýalar, sport we beýleki ugurlaryň ählisinde işjeň peýdalanmak üçin ähli şertler döredilýär. Täze ylmy çemeleşmelere, garaýyşlara aýratyn orun berilýär. Ýaşlar hem öz gezeginde özleriniň ylmy garaýyşlary bilen ýurdumyzda işjeň hereket edýän ylmy-tehniki syýasatyň durmuşa geçirilişine mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Her ýyl geçirilýän ýurdumyzyň ýaş alymlarynyň we talyplarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik munuň aýdyň mysalydyr.

Gün energiýasynyň mümkinçiliklerini ylmy taýdan öwrenmäge hem aýratyn ähmiýet berilýär. Howanyň üýtgemegi häzirki wagtda global mesele hökmünde öňe çykdy. Şu nukdaýnazardan, bu ugry ylmy taýdan öwrenmek we ylmy garaýyşlary öňe sürmek möhüm mesele hökmünde köp sanly döwletlerde aýratyn üns merkezinde durýar. Bu babatda netijeli işler biziň ýurdumyzda hem giň gerim aldy. Hut hormatly Prezidentimiziň BMG-niň belent münberinden ekologiýa boýunça öňe sürýän halkara başlangyçlarynda bu boýunça aýratyn nygtalýar. Ylmy ugurlary ösdürmekde amatly mümkinçilikleriň döredilýän we ylmy çemeleşmelere esaslanan ylmy gözlegleriň işjeňleşýän döwründe bu ugurda gol çekilen taryhy Kararlar ylym ulgamyny kämilleşdirmegiň, dünýä ülňüleri bilen sazlaşýan amatly gurşawy döretmegiň aýdyň ýolunda asylly we netijeli ädimdir.

Ýurdumyzda gurlup ulanylmaga berlen Tehnologiýalar merkezinde dürli pudaklarda we ulgamlarda, ýagny agrosenagat, innowasion tehnologiýalar, ekologiýa, himiýa, energiýanyň alternatiw çeşmelerini senagat taýdan peýdalanmak, seýsmologiýa, astronomiýa, binägärlik-gurluşyk, lukmançylyk, sport ulgamlarynda ylmy barlaglary netijeli alyp barmaga ähli mümkinçilikler döredilýär. Bu merkez ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmaga ýardam berýär. Ýurdumyzyň gurluşyklar mekanyna öwrülen döwründe gurluşyk ulgamynda ylmy taýdan esaslandyrylan ylmy garaýyşlary önümçilige giňden ornaşdyrmaga hem oňyn mümkinçilikleri döredip berýär. Bu ýerde ähli amatlyklary bolan barlaghana otaglary, ylmy barlag-derňew bölümleri bolup, olaryň ählisine Ýewropanyň we Ýaponiýanyň öňedebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrylandyr. Alymlaryň öz ukyplaryny äşgär ýüze çykarmaga, ylmy garaýyşlary esasynda netijeli ylmy işleri alyp barmaga ähli zerur şertler döredilendir. Ýeri gelende aýratyn bellesek, merkezde döredilen elektron kitaphana  alymlar üçin maglumat binýady bolup çykyş edýär. Bu ylym ojagy ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrar, önümçiligiň depginini güýçlendirer, ylmy-tehniki we innowasion syýasaty işjeň durmuşa geçirmäge ýardam berer. Ýaş alymlary we talyplary goldamaga we olaryň ylmy garaýyşlaryny ýüze çykarmaga mümkinçiligiň döredilýän döwründe ýaşlar üçin täze bir usuly-amaly mekdep bolup çykyş eder. Bu ýerde ýaş hünärmenler nazaryýetde alan bilimlerini amaly taýdan berkiderler, çuňlaşdyrarlar we netijeli ylmy iş alyp bararlar. Şeýle mümkinçilikleri döredip berendigi we ylmy ösdürmäge berýän aýratyn ünsi üçin alymlaryň, ylym işgärleriniň we ýaş alymlaryň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza sagbolsunlary çäksizdir.

Biz – ýaşlara okamak, öwrenmek, hünär endiklerimizi kämilleşdirmek, ylym bilen meşgullanyp, bu ugurdan netijeli ylmy gözlegleri alyp barmak üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

 

Mergen ÖWEZOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Köneürgenç etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar