GADYMY HEM MÜDIMI SENET

Mälim bolşy ýaly, milli mirasymyzyň ajaýyp nusgasy bolan keçelerimiziň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek baradaky teklibiň taýýarlanylmagy, halkymyzyň keçe basmak ýaly sungatyna goýulýan hormat-sarpadan hem-de ony dünýä ýaýmak maksady bilen, döwlet derejesinde edilýän aladalardan nyşandyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly başlangyjy bilen, milli mirasymyzy öwrenmäge, gorap saklamaga, ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň ýol-ýörelgelerini dowam etdirmäge, şöhratly taryhymyza sarpa goýmaga uly mümkinçilikler döredildi. “Türkmen keçeçilik sungatynyň” ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizmek hakyndaky teklibiň berilmegi ählimiziň buýsanjymyzy goşalandyrdy. Biziň ajaýyp däp-dessurlarymyz, öz akabasyny müňýyllyklaryň gatlaryndan alyp gaýdýan baý medeni mirasymyz bar. Şeýle gymmatlyklarymyzyň  naýbaşy nusgalarynyň biri hem, ene-mamalarymyzdan miras galan ak öýlerimiziň bezegi bolan türkmen milli keçesidir.

Asyrlaryň dowamynda öz asyl nusgasyny, milli öwüşginini saklap, gün-günden kämilleşip, häzirki günlerimize çenli gelip ýeten bu milli mirasymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwrebap keşbe eýe bolýar. Keçe sungatynyň taryhynyň çuňlugy ýaly, onuň ediliş usulyda diýseň çylşyrymly. Şonuň üçin-de, keçeleriň ediliş tilsimleriniň inçe syrlaryny öwrenmek örän gyzyklydyr. Keçe taýýarlamak üçin ilki bilen onuň ýüňi saýlap alynýar. Munuň üçin, goýnuň ýaz we güýz aýlarynda gyrkylyp alynýan ýüňleri ulanylýar. Ýüňi gowy ýuwup, guradylýar. Guran ýüňi darap, soň boýalýar, boýalansoň guradylyp, ýene-de täzeden daralyp, pişge edilýär. Keçäni taýýarlamak üçin sähetli gün saýlanyp alynýar. Keçäni güllemek üçin ýörite gamyşdan çyg dokalýar we ýazylýar. Gamyş ýazylandan soňra, onuň ýüzüne nagyş salnyp bezelýär. Esasan hem keçelerde “Goçak”, “Gülýaýdy”, “Tazyguýruk”, “Saryiçýan”, “Alaja”, “Zynjyr”, “Tärim gözenek” ýaly nagyşlar ulanylýar. Eli çeper gelin-gyzlar keçä nagyş salanda, özüniň ýaşaýan tebigatyny, haýwanat dünýäsi bilen baglanyşdyrypdyrlar. Meselem, “Gülýaýdy” nagşynda ýurduň güneşliligi beýan edilse, “Daragt” nagşy ömür daragtynyň mysalynda gelip, türkmeniň dowamat-dowamlylygyny aňladypdyr. “Alaja”, “Zynjyr”, “Saryiçýan” nagyşlary bolsa, maşgalany bela-beterden gorasyn diýen yryma eýerip, keçä salypdyrlar. Her welaýatyň özüne mahsus keçe nagyşlary bolup, milli aýratynlygynyň bolýanlygy hem täsindir.

Türkmen keçesi – ynsanyň tenine, süňňüne şypa berýän, ekologik taýdan arassa, ynsan saglygy üçin haýyrly önümdir. Ene-mamalarymyz keçe önümini türkmen hojalygyna zerurlygy bilen dürli görnüşde taýýarlapdyrlar. Olardan esasy 3 görnüşde: reňkli nagyşlardan syk dokalan düşeklik keçe, ak ýüňden taýýarlanan namazlyk hem-de at keçeler, üçünjisi bolsa, ak öýleriň üstüne atmak üçin dürli möçberdäki keçeleri taýýarlapdyrlar. Şu milli gymmatlyklarymyzyň häzirki günlerimize gelip ýetmeginde ene-mamalarymyzyň yhlasy uludyr. Olar gözel tebigatymyzyň ajaýyp keşbini, halkymyzyň şöhratly taryhyny hem-de gaýduwsyz gahrymançylygyny, çuň mana ýugrulan pähim-parasadyny öz nepis halylarynyň, keçeleriniň öwüşgini öçmejek göllerine, güllerine siňdiripdirler.

Milli mirasymyza sarpa goýmaklyga ýol açan, öz halkyna, onuň medeni, ruhy mirasyna, däp-dessuryna aýratyn hormat goýmagyň belent nusgasyny görkezýän türkmen halkynyň Milli Lideri – Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, belent tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

 

Mähriban SEÝLIÝEWA,

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň

Gubadag şäher kitaphanasynyň

I derejeli kitaphanaçysy.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 11 okalan

GADYMY KÖNEÜRGENJE SYÝAHAT

27 Noýabr 2024 | 77 okalan

ÝAŞLYGYŇ JOŞGUNY