Gül çagajyklar gül zeminiň lälesidir. Şeýle eýjejik çagajyklaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, özleriniň zehin ukyp-başarnyklaryny görkezmekleri üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilýär. Gül çagajyklar Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda bagtyýar we şadyýan ýaşaýarlar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilelikde her ýyl ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 2-4-nji synp okuwçy gyzjagazlarynyň “Iň eýjejik gyzjagaz-2023” atly şadyýan bäsleşigini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirýär. Şadyýan bäsleşigiň 2023-nji ýylyň 27-nji fewralynda Köneürgenç etrabynyň Medeniýet merkezinde geçirilen Köneürgenç etrap etrap tapgyry hem gyzykly we çekeleşikli geçdi. Bäsleşigi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap Geňeşi Köneürgenç etrap bilim bölümi bilelikde geçirdi. Bäsleşigiň baş maksady, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar nesilleriniň bolelin durmuşda ýaşamagy, şadyýan ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, geljekde Watanymyza peýdaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin dursmuşa geçirýän beýik işlerinden, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň berýän gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, ösüp gelýän ýaş nesilleriň sungata, döredijilige bolan söýgüsini artdyrmakdan, bilimlerini kämilleşdirmekden, zehinli çagalary ýüze çykarmakdan we olary goldamakdan ybaratdyr. Bäsleşik üç şertden ybarat bolup durýar, bäsleşige gatnaşan gyzjagazlar düzgünnama laýyklykda bäsleşip öz ukyp başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşigiň jemleri boýunça 1-nji oruna Köneürgenç etrabynyň 50-nji orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Täçmyradowa Aýnur, 2-nji oruna Köneürgenç etrabynyň 50-nji orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Bazarbaýewa Medine, 3-nji oruna Köneürgenç etrabynyň 8-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Dirrikowa Ogulnyýaz dagylar mynasyp bolmagy başardylar. Ýeňiji bolanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap Geňeşi tarapyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Gülnahal DÄDEBAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Köneürgenç etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.