Al-ýaşyla, gül-gülälege beslenip ülkämize bahar geldi. Göwünleri ganatlandyrýan, ene topraga bereket nuruny eçilýän bahar, baýramlary alyp geldi. Desse-desse güllere, kalbymyzy joşdurýan duýgulara beslenip gelen baharyň ilkinji aýynda Halkara zenanlar güni dabaraly bellenilýär. Elbetde, zenanlar maşgalanyň zynaty, mukaddes öýlerimiziň ýaraşygy. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy hem:
Dünýä sözi meňzär duzsuz tagama,
Söz içinde gelin-gyz hem bolmasa -
diýip, türkmen gelin-gyzlarynyň ornuny öz goşgy setirlerinde ussatlyk bilen wasp edipdir. Aslynda, zenanlara hormat goýmak halkymyzda ata-babadan gelýän häsiýetdir. “Ene mähek daşydyr, sagdyn nesil başydyr” diýilmegi ýöne ýerden däl. Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz bu ýörelgäniň manysyna has aýdyň göz ýetirýäris. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: “Siz biziň gözlerimiziň röwşeni, öý-ojaklarymyzyň mähri, kalbymyzyň kuwwaty hem nurysyňyz, siziň asyllylygyňyz, edep-ekramyňyz öý-ojaga, ulus-ile rysgal-döwlet getirýän gudratdyr” diýip, biz – zenanlara sarpa bilen ýüzlenmegi başymyzy göge ýetirýär. Ynsan ýaşaýşynyň gözbaşynda duran eziz enelerimiziň, mähriban zenanlarymyzyň hormatyna tutulýan bu ajaýyp baýram eziz Watanymyzda has-da uly dabaralara beslenýär. Özleri hakynda edilýän aladalardan, sylag-hormatdan ruhlanýan bagtyýar zenanlaryň mähirli kalbynda, päk ýüreginde Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyza, “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ýörelgäni baş şygar edinýän Arkadagly Serdarymyza buýsanç joş urýar.
Berkarar Watanymyzda mähribanlygy we mylaýymlygy, wepalylygy we paýhasy, gözelligi we kämilligi özünde jemleýän türkmen zenanlaryna hormat-sarpa goýulýar. Türkmenistanyň “Zenan kalby” ordeniniň döredilmegi, sekiz we ondan-da köp çagaly enelere “Ene mähri” diýen hormatly adyň dakylmagy we olaryň ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilmegi, kümüş saçly enelerimizden başlap, çagalar bagyna gatnaýan körpeje gyzjagazlara çenli Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlarynyň berilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe enelere, gelin-gyzlara hormat-sarpa goýulýandygyndan nyşandyr.
Türkmenistan döwletimizde önümçiligiň ähli pudaklarynda öndürijilikli zähmet çekýän gelin-gyzlar Watanymyzyň gülläp ösmegine, onuň medeniýetde, ylymda, oba-hojalygynda, ykdysadyýetde kuwwatlylygyň has ýokary derejelere göterilip, dünýä giňişliklerine ýaýramagynda özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şeýle-de, ajaýyp öý bikeleri, mähriban eneler we ejeler bolan zenanlaryň durmuşda tutýan orunlary has uly bolmak bilen ene-mamalarymyzdan miras galan milliligimizi, däp-dessurlarymyzy nesillerden-nesillere geçirmekde hem olaryň bahasyna ýetip bolmajak hyzmatlary bar.
Asuda, parahat ýurduň bagtyýar zenanlary bolan biz, çagalarymyz barada edilýän bu bimöçber aladalar üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.
Altyn ATAKOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.