BAŞ MAKSAT — HALKYMYZYŇ BAGTYÝARLYGY

24-nji martda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň söwda toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de bu topluma degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň barşynda 2020 — 2025-nji ýyla çenli sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmäge degişli wezipeler hem-de milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek bilen bagly meselelere garaldy.

Döwlet Baştutanymyz maslahaty açyp, söwda ulgamynyň halk hojalyk toplumynyň okgunly ösýän pudaklarynyň biridigini belledi. Bu ulgam milli ykdysadyýetde özgertmeleri bazar gatnaşyklaryna geçiş şertlerinde onuň aýratynlyklaryny aýdyň görkezýär. Söwda toplumynyň ösdürilmegi durmuş abadançylygynyň, ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriniň üstünlige eýe bolýandygynyň möhüm görkezijisidir.

Iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrine söz berdi. Ministr sanly ulgama geçilmegini işjeňleşdirmek hem-de içerki bazarlary azyk harytlary bilen bolelin üpjün etmek maksadynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hasabaty diňläp, milli Liderimiz ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi babatda söwda toplumynyň öňünde durýan wajyp wezipelere ünsi çekdi we ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra dokma senagaty ministri «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda» kesgitlenen möhüm wezipeleri amala aşyrmak hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, pudagy mundan beýläk-de ösdürmegi, maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmagy geljekki işleriň esasy ugurlary hökmünde kesgitledi. Kaka we Babadaýhan etraplarynda gurulýan dokma toplumlarynyň wagtynda işe girizilmegi we şunuň bilen baglylykda, pudagyň eksport kuwwatyny has-da artdyrmak babatda möhüm çäreleri görmegi tabşyrdy.

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň başlygy alnyp barylýan işler, türkmenleriň gadymdan gelýän elde haly dokamak sungatyny gorap saklamaga, kämilleşdirmäge we geljekki nesillere ýetirmäge gönükdirilen döwlet syýasatyny amala aşyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Milli Liderimiz hasabaty diňläp, türkmen el halylarynyň öndürilişini, öndürilýän önümleriň mahabatyny üpjün etmek arkaly milli mirasymyzy dünýäde giňden wagyz etmek boýunça işleri işjeňleşdirmek barada görkezme berdi.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy azyk önümlerini öndürýän hususy kärhanalaryň çig mal we önümçilik serişdeleri bilen üpjünçiligine degişli meseleleriň çözülişi barada hasabat berdi. Şeýle hem gök-bakja, et, süýt we beýleki gündelik zerur önümleriň öndürilýän mukdaryny artdyrmak maksadynda degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde geçirilýän işler barada habar berildi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly senesiniň toýlanyljak şu ýylynda ulanylmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilýän desgalarda işleriň bellenen möhletinde takyk we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gazanmak üçin hemme zerur çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy.

Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy biržanyň Türkmenistanyň haryt-çig mal serişdelerini ýerlemegiň netijeli syýasatyny ýöretmek hem-de lomaý haryt bazaryny ösdürmek üçin amatly şertleri döretmek babatda ýerine ýetirýän işleri barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda eksport-import amallaryny kadalaşdyrmagyň esasy edarasy hökmünde Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini hasda kämilleşdirmek boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Soňra söwda toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer alnyp barylýan işler, şol sanda milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny amala aşyrmakda ulgamyň düzümleriniň öňünde duran wezipeleri ýerine ýetirmek ugrunda hemme tagallalaryň edilýändigi bellenildi.

Hasabaty diňläp, döwlet Baştutanymyz oňa gatnaşyjylaryň öňünde amala aşyrylmaly işleri tabşyryp, möhüm wezipeleri kesgitledi. Söwda ulgamynyň öňünde durýan möhüm wezipe öz ýurdumyzda öndürilýän önümleriň ýeterlik möçberinden artyk bölegini eksporta ibermekden, bazarlaryň işinde sazlaşyklygyň üpjün edilmegini gazanmakdan, ilatyň azyk önümleri bilen üpjünçiligini pugtalandyrmakdan ybaratdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz sanly ulgamy ornaşdyrmak baradaky meselä ünsi çekip, iş dolandyryş babatda täze döwrebap usullary kesgitlemegi hem-de şol usullary önümçilige giňden ornaşdyrmagy, marketing-menejment işini kämilleşdirmegi tabşyrdy. Dokma önümleriniň görnüşlerini giňeltmek hem-de şol önümleriň halkara bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak barada görkezme berdi. Milli Liderimiz onlaýn-söwdany ýola goýmagy hem-de sargytlary eltip bermek ulgamyny giňeltmegi tabşyrdy, munuň özi işleri häzirki döwrüň ýagdaýlaryna laýyk alyp barmaga mümkinçilik berer. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny tamamlap, öňde goýlan möhüm wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlikleri arzuw etdi.

“Nesil” gazeti,

26.03.2020ý.