BELENT SARPANYŇ DABARALANMASY

Bagtyýar halkymyz her bir günini beýik arzuwlaryň hasyl bolýan güni hökmünde garşylap, bagtyýar, asuda we abadan durmuşda ýaşaýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ähli ugurlarda amala aşyrýan özgertmeleri, ilkinji nobatda, eziz Watanymyzy ösdürmäge, onuň rowaçlygyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Bu ynsanperwer syýasatda bolsa türkmen zenanyna — enelere, gelin-gyzlara bolan hormat-sarpa bütin aýdyňlygy bilen görünýär. Bu sarpa dünýä nusgalyk derejä göterilýär.

Älem-jahany gözel görke besleýän bahar pasly hem ýetip geldi. Bu paslyň özboluşly owadanlygy we nowjuwanlygy her bir ynsany özüne çekýär. Şu owadan günlerde bellenilýän mähriban gelin-gyzlarymyzyň baýramy -Halkara zenanlar güni hem bu günki gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda uly toý-dabara beslenip geçilýär. Gülüň gunçasy kimin nowjuwan gyzlarymyz agraslylygy, gelinlerimiz asyllylygy bilen ula-kiçä görelde bolýar, ene-mamalarymyz bolsa biziň her birimiz üçin nusgalykdyr. Çünki ata Watan bilen ene her bir ynsan balasy üçin mukaddeslikdir.

Her ýylyň 8-nji martynda — Halkara zenanlar gününde aýal-gyzlary pul sowgatlary bilen birlikde, köp çagaly eneleri hormatly atlar bilen begendirip, Şa serpaýyny ýapmak indi asylly däbe öwrüldi. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda şeýle bagtyň eýesi bolan maşgalalaryň köpsanlysyny göreniňde buýsanjyň has-da artýar.

Zenan mertebesi ýurdumyzda aýratyn orunda goýulmagy bizi has-da guwandyrýar. Şeýle belent derejede görülýän zenanlaryň şanyna neneň toý tutmajak?! Şol gün şahyrlar gazal goşup, aýdymçylar aýdym aýdyp zenan mertebesini belende galdyrýarlar.

Hormatly Prezidentimiz biz zenanlar üçin döwletde mynasyp orna eýe bolup zähmet çekmegimiz üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýär. Diýarymyzyň gelin-gyzlary döwlet we jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşýarlar. Olar ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda deň derejede zähmet çekýärler, telekeçilik we jemgyýetçilik işlerini alyp barýarlar. Ýurdumyzyň zenanlary hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça durmuşa geçirilýän özgertmelere mynasyp goşant goşýarlar. Bu babatda Zenanlar guramasy netijeli işleri alyp barýar.

Öz gezegimizde ynamy ödäp, ýaş nesilleriň edepli-terbiýeli bolmaklary, mähriban ojagymyzyň berk binýatly bolmaklary üçin zähmet çekmelidiris, Watana goşant goşmalydyrys.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bellenilýän Halkara zenanlar güni biz zenanlaryň durmuşyndan ýatdan çykmajak sene hökmünde hakydamyzda müdimilik galar. Toý dabarasy dag aşýan Diýarymyzda öý-ojagyň görki bolan zenanyň, durmuşymyzyň görki bolan enäniň waspy belentden ýaňlanýar. Şu ajaýyp pursatda ýurdumyzyň ähli gelin-gyzlaryny, enelerimizi nurana baýram-Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!

Bagtyýar durmuşy bagyş eden, eşretli zamanany peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, belent başlary aman bolsun!

 

Maýa ÇOWDUROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Köneürgenç etrap Geňeşiniň buhgalteri.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 11 okalan

GADYMY KÖNEÜRGENJE SYÝAHAT

27 Noýabr 2024 | 77 okalan

ÝAŞLYGYŇ JOŞGUNY