Buşluk, ine bu gün owadan görkana, biri-birinden nurana öwüşgün atyp älem-jahany al-ýaza besleýän bahar pasly geldi. Boz toprakly meýdanlarymyzy gül lälezarlyga öwürýän bahar pasly geldi. Alabaharda bütin zemin täzeden janlanyp, owadan baglar pyntyk ýaryp, gül-gunçalara beslenýärler. Tebigatymyzyň jana şypa howasy bilen bütin bedenimize güýç-gaýrat, ylham bagyş edýär. Ine, şeýle owadan günlerde dabarasy dag aşýan Halkara zenanlar güni ýurdumyzda giňden we dabaraly bellenilip geçilýär.
Ata-babalarymyzyň gadymy ýol-ýörelgelerinden ugur alyp, enelere, zenanlara aýratyn gadyr goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz Halkara zenanlar gününiň öň ýanynda köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakýar. Bu buýsançly ada eýe bolmak, türkmen toýunyň şatlygyna goşulyşmak her bir zenan üçin megerem bagt bolsa gerek.Ýurdumyzyň köp çagaly enelerini aýratyn mähir we alada bilen gurşalýar. Munuň şeýledigini her ýyl Bahar paslynyň ilkinji günlerinde, Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, sekiz çagany dünýä inderip, terbiýeläp ýetişdirýän enelere belent adyň-Türkmenistanyň«Ene mähri» diýen hormatly adynyň dakylmagy her bir maşgalanyň buýsanjyny artdyrýar.
Gadymy döwürlere salgylansak, dürli döwürlerde patyşalar, şahyrlar, ýazyjylar, sazandalar we suratkeşler enä tagzym edipdirler, zenan gözelliginiň, wepalylygyň waspyny ýetiripdirler. Häzirki nesiller bolsa paýhasly pederlerimiziň wesýetlerine eýerip, zenanlara bolan hormat ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýärler. Ine bu gün toý dabara beslenýän zenanlaryň buýsançly ýüzlerini göreniňde munuň şeýledigini bütin aýdyňlygy bilen görýäris.
Goý, eneleriň hüwdüsi her bagtly ojagyň baş mukamy bolup, sallançaklaryň bady ýatmasyn! Ene, zenan sarpasyny belende galdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun! Baýramyňyz bilen mähriban zenanlar!
Gülnahal DÄDEBAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Köneürgenç etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.