“HER GÜLÜŇ ÖZ YSY BAR”...

Amerikaly şahyr Emili Dikinson şeýle belleýär: “Dünýädäki iň owadan zatlar zenanlar we güllerdir”.  Irlandiýaly ýazyjy Oskar Waýld bolsa bütinleý başga pikiri öňe sürýär: “Zenanlar düşünmek üçin däl-de, söýülmek üçin ýaradylypdyr”.  Zenan, ene barada ençeme ýyllardan bäri ýüzlerçe romanlar, goşgular, hekaýalar, kinofilmler döredilip gelinýär. Emma olar ýüzlerçe bolsada her biri özboluşly bir dünýäde bir maksatda birleşýär.

Ene mukaddesligiň naýbaşysydyr.Çaga ilkinji dil açanda aýtýan ilkinji sözi “eje” sözidir. Perzendiň sallançakda ýatyrka ilkinji eşidýän aýdymy ene hüwdisidir. Ene söýgüsi iň mukaddes söýgüdir. “Ýagşy ene ýagşy gyza görelde” pähimine salgylansak  ene terbiýesini onda terbiýäniň çür başyna deňesek öte geçdigimiz bolmaz. Danalaryň bellemegine görä “ Söýgüniň bar sagadynda tutuş ömür bar” diýilýär. Diýmek her bir perzent öz söýgüsi, gadyr-gymmaty sarpasy bilen enelerimiziň ömrüne ömür goşýarlar. Perzent terbiýesi aňsat zat däl, bu durmuşda enäni ýer, atany daýhana meňzetmek isleýärin. Çünki perzendiň köki ýerde bolýar,ata halallyk bilen tapyp gelip oňa azyk berýär, nätanyş otlardan goraýar. Ata-enäni suratkeş hökmünde görsek, perzende dünýä nähili derejede suratlandyrylyp berilse, şol derejede kabul edýär. Bu durmuşda ata-ene aktýor bolup sahnada rol oýnaýar, perzent bolsa tomaşaçy. Meňzetmelere ýene salgylanmagy dowam etsek, «Her gülüň öz ysy bar»  pähimini perzent terbiýesi nukdaýnazaryndan düşünsek köp çagaly maşgalalarda her çaganyň öz häsiýeti, edim-gylymy bar. Her çaga her tüýsli bolýan bolsa-da mynasyp berilen terbiýäniň çagalary bir maksada-edeplilige, asyllylyga, halallyga gönükdirýändigini hiç wagt ýadymyzda çykarmaly däldiris. Olaryň häsiýet-gylyklarynyň aýry-aýrylygyna garamazdan, ählisine düşünýän  enelik söýgüsiniň ylahydan berilýän serpaýdygy bolsa mälim hakykat. Gahryman Arkadagymyzyň “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym” parasatly pähimi bolsa biz ýaşlar üçin nusgalyk mekdepdir.

«Her gülüň öz ysy bar»  pähimi zenanlar nukdaýnazaryndan düşünsek onda akyldarlaryň biriniň bellän ajaýyp jümlesine salgylanyp jemlemek ýeterlik. “Zenan söýgi bilen ösýän güldir”. Şonuň üçin bolsa gerek,  “Her gülüň ös ysy bar” ...

 

Gurbanmyrat GURBANOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Köneürgenç etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 11 okalan

GADYMY KÖNEÜRGENJE SYÝAHAT

27 Noýabr 2024 | 77 okalan

ÝAŞLYGYŇ JOŞGUNY