ÝAŞLAR WE TEHNOLOGIÝALAR

Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli işleriniň netijesinde Garaşsyz, Bitarap Watanymyz ösüşleriň we özgerişleriň ýurduna öwrüldi. Türkmenistan döwletimiziň gülläp ösüşleriniň berk binýady bolup hyzmat edýän milli bilim ulgamyny yzygiderlikli kämilleşdirmek, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň öňe sürýän il bähbitli, ýurt ähmiýetli syýasatynyň özeni bolup durýar. Bu barada türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň "Bilim-bagtyýarlyk, ruhubelentlik, rowaçlyk" atly kitabynda:  "Meniň baş maksadym dünýäniň iň ösen talaplaryna laýyk gelýän bilim ulgamyny size elýeterli etmekden ybaratdyr" diýip belleýşi ýaly, bilim ulgamy yzygiderli kämilleşýär, bilim-terbiýeçilik edaralarynyň maddy-enjamlaýyn we usulyýet binýady pugtalanýar, öňdebaryjy tehnologiýalar, häzirki zamanyň iň kämil enjamlary bilen baýlaşdyrylýar.

Ýaşlaryň  dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryndan baş çykarmagy, erk edip bilmegi, dünýä ösüşi bilen aýakdaş gidip işjeň goşulyşyp bilmegi üçin sanly mümkinçilikleriň gerimi has-da giňeldilýär. Täzeçil usullar, sanly ulgam, ylmyň gazananlary we ýokary tehnologiýalaryň döwlet ösüşiniň möhüm şertidir. Biziň ýurdumyzda ýaşlar bilen ylym-bilimiň, sanly tehnologiýalaryň arasynda berk sazlaşyk, uýgunlaşyk bar.  Çünki sanly tehnologiýalar geljegiň ylmy kuwwaty, ösen aň-bilim röwşen geljegiň binýady. Bu ugurda ýaşlarymyz üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzyň geljeginiň berk binýadyny ýaşlarda görýär. Olaryň dürli tehnologiýalardan we öňdebaryjy tilsimatlardan baş alyp çykmagy üçin şertleri üpjün edýän ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge uly üns berilýär. Orta mekdeplerden başlap ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň hili yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Sapaklardan öňdebaryjy  tehnologiýalardan we kompýuter tilsimatlarynda netijeli peýdalanylýarlar. Şunlukda ýaşlaryň olara erk etmegine mümkinçilik berýär. Ine döwletimiziň binýatly geljegini biz ylymyň-bilimiň üsti bilen berk gurulýandygyny aýdyň görýäris.

Biz — ýaşlar giň mümkinçilikleriň gurşawynda bagtyýar ýaşaýandygymyza çäksiz buýsanýarys. Döwletimiziň syýasy, ykdysady we medeni gurşawyna işjeň goşulyşyp, Arkadagly Serdarymyzyň töwereginde jebisleşip, Watanymyzyň kuwwatly ösmegine mynasyp goşant goşmak ugrunda yhlasly okap, bilimimizi artdyryp, zähmet çekeris.

Biz — ýaşlar üçin uly aladalar edýän, şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň hemişe janynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň hemişe rowaç almagyny arzuw edýärin. Goý, hemişe biziň ata Watanymyzyň at-abraýy, şan-şöhraty bütin äleme nur çaýsyn!

 

Mergen ÖWEZOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Köneürgenç etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 11 okalan

GADYMY KÖNEÜRGENJE SYÝAHAT

27 Noýabr 2024 | 77 okalan

ÝAŞLYGYŇ JOŞGUNY