BILIM-TERBIÝE MEKDEBI

Ýaş nesilleri terbiýelemek, hünär öwretmek we bilim bermek ähli döwürlerde-de esasy orunda durýan wezipe hökmünde öňe çykdy. Bu babatda “pedagogika” diýlip atlandyrylan ýörite ylmy ugur kemala geldi. Asylam, pedagogikanyň özi “terbiýe bermegiň sungatydyr” Ynsanyň ýokary nerw işjeňligi dogrusyndaky garaýyşlary ylymda esaslandyran, 1904-nji ýylda saglygy goraýyş we fiziologiýa boýunça Nobel baýragyna mynasyp bolan dünýä belli alym, fiziolog, akademik Iwan Petrowiç Pawlow terbiýe barada şeýle belleýär: “Terbiýe-munuň özi taryhy nukdaýnazardan ýatlamalaryň halkyň hakydasynda jemlenýän ulgamydyr”.

Has dogrusy, pedagogika terbiýe baradaky ylymdyr. Onuň sungat derejesinde görülmeginiň düýp sebäbi-de, ynsan bu ylmyň üsti bilen zerur bolan sowady, bilimi alýandygy, özüniň estetiki we etiki mümkinçiliklerini açýandygy bilen berk baglanyşyklydyr.

Gadymy we orta asyrlaryň teologiýasyny we filosofiýasyny ugur edinýän pedagogika XVII asyryň başlarynda filosofiýadan bölünip aýrylýar. Şol döwrüň iňlis filosoflarynyň we tebigat hadysalaryny derňeýjileriň tagallalary bilen bu ylmyň has-da netijeli kämilleşen ulgamy kemala gelip başlaýar. Hususan-da bu babatda iňlis filosofy, taryhçysy Frensis Bekonyň we çehiýaly pedagog-gumanist, ýazyjy Ýan Amos Komenskiýniň hyzmatlary has uludyr. Dürli döwürleriň ylmy traktatlarynda pedagogika dürli hili düşündirişler berilýär. Şolaryň birinde pedagogikanyň ynsanyň maksatlaýyn we ulgamlaýyn alyp barýan zähmetiniň belli bir ulgama salnan şekilidigi beýan edilse, ýene birinde dürli döwürlerde ynsanyýetiň zähmeti netijesinde toplanan tejribelerini herekete getirýän gural hökmünde garalýandygy nygtalýar. Sosial pedogogika boýunça 100-den gowrak işleriň awtory, pedagogiki ylymlaryň doktory, professor Lew Wladimirowiç Mardahaýewiň belleýşi ýaly, “Pedagogika- ynsana bilim we terbiýe bermegiň kanunalaýyklyklaryny, ýörelgelerini, usullaryny, görnüşlerini, şol nukdaýnazardan düýpli ylmy esaslary özünde jemleýän ylymdyr”.

Milli pedagogika ulgamy ýurdumyzda döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugur hökmünde kämilleşdirilýär. Milli bilim ulgamy kämilligiň aýdyň ýoluna düşýär, bu babatda giň özgertmeleriň ençemesi amala aşyrylýar. Milli pedagogika ulgamyna dünýä ölçeglerini ornaşdyrmagyň zerurlygy hem özgertmeleriň giň gerim alýandygy bilen baglanyşyklydyr. Halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak, dünýä tejribelerini öwrenmek we ornaşdyrmak ýaly wajyp wezipeler durmuşa geçirilip başlandy. Bu babatda anyk we netijeli ädimleriň biri-de ýurdumyzyň bilim ulgamynyň 12 ýyllyk umumy orta bilime geçmegidir. Bu bolsa ýaş nesilleriň dünýä derejesinde döwrebap bilim-terbiýe almagyny şertlendirýär. Şeýle oňyn maksatlar ýörite Konsepsiýada öz beýanyny tapdy we dünýä derejesine geçmegiň tapgyrlaýyn ulgamy kemala geldi.

Mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, kämilleşdirmek hormatly Prezidentimiziň esasy talaplarynyň biri bolup durýar. Şonuň üçin bolsa gerek, dünýä ölçeglerinde hünär alýan okuwçynyň netijeli bilim almagy hünär öwrediji mugallymyň kämilligi bilen şertlendirilýär. Mugallym mydama-da öz üstünde işläp, öz hünärini kämilleşdirmegi endik edinmelidir. Şeýle-de ähli dersleriň çuň we many-mazmunly geçilmegi üçin gözlegde bolmalydyr. Ylmy-amaly gözlegleriň netijesinde ders bermegi, hünär öwretmegi kämilleşdirmek mümkin.

Sungat ynsana diňe bir medeni dynç alşy bagyş etmän, eýsem, kämil bolmakda, netijeli zähmet çekmäge ruhlandyrmakda, şol zähmeti amala aşyrmakda, şeýle hem öz mümkinçiliklerini giňeltmek bilen tebigy nukdaýnazardan zerur bolan estetiki, etiki we ahlak ýörelgeleri esasynda öz-özüňe terbiýe bermekde-de ýardam berýär. Bu sungat derejesinde görülýän, ähli döwürlerde-de gadyr-gymmatyny birjikde ýitirmän wajyp ugur hökmünde üns merkezde durýan pedagogika babatynda-da şeýledir.

 

Kuwwat ESENOW,

Ruhubelent etrabynyň 5-nji orta

mekdebiniň mugallymy,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Ruhubelent etrap Geňeşiniň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 11 okalan

GADYMY KÖNEÜRGENJE SYÝAHAT

27 Noýabr 2024 | 77 okalan

ÝAŞLYGYŇ JOŞGUNY