Bu döwür kämil, döredip bilýän, terbiýeli, watansöýüji ýaşlary talap edýär. Şeýle asylly häsiýetleri özüne jemleýän her bir ýaş nesliň geljekde Watanyň ösüşine mynasyp goşandyny goşup biljekdigi şübhesizdir. Ynam bolsa her bir ynsan üçin örän möhüm duýgy. Özüňe bolan belent ynam-üstünlikleriň, netijeli işleriň başlangyjydyr. Döwrüň ýaşlaryň öňünde goýýan wezipesi özüne mynasyp käri saýlap, şol hünär boýunça-da ata Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşup, döwür bilen aýakdaş gitmek. Oňat pikirler, oňat jümleler, ajaýyp pursatlar ýürege ýakyn görülýär. Ýaşlar bolsa şeýle ýürege ýakyn ajaýyp ýatlamalar kän. Döwrümiz şeýle pursatlar bilen gurşalandyr.
Ýokary hünärli ýaşlar ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda zähmet çekmek bilen, özleriniň hünär başarnyklaryny we gujur-gaýratyny ata Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösmegine gönükdirýärler. Bu ugurda ýaşlar üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilip berilýär.«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine salgylansak, bilim edarasyny tamamlap, ýaňy işe kabul edilen ýaş hünärmenleriň girdeji salgydyny ýeňillikli tölemek, telekeçilik bilen meşgullanmaga isleg bildirýän ýaş telekeçileri goldamak, taslamalary döretmäge ukyply ýaşlar üçin binagärlik taslamalaryna, taryhy ýadygärlikleriň durkuny täzelemek taslamalaryna gatnaşyp zehiniňi görkezmek mümkinçiligini döretmek ýaly özboluşly täze kadalaryň girizilmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bularyň ählisi bolsa biz — türkmen ýaşlarynyň buýsanjymyzy goşalandyryp, ata Watanymyzyň geljekki ösüşlerine mynasyp goşant goşmaga hem-de bildirilen mukaddes we belent ynamy artygy bilen ödemäge borçlandyrýar.
Döwletde ýekeje adamyň ösüşe ymtylmagy, täze zatlaryň gözleginde bolmagy ýurduň ösüşine ujypsyz derejede bolsa hem öz täsirini ýetirip biler. Bu pikir bolsa bütin Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýaşlaryna mahsus. Bu döwür ýaşlaryň ösüşlere ymtylmak arzuwlarynyň hasyl bolýan döwri. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halypa-şägirt gatnaşyklarynyň ýola goýulmagy hem türkmen ýaşlarynyň geljegine uly umyt bildirilýändigini alamatlandyrýar. Biz ýaşlara hormatly Prezidentimiziň bildirýän şeýle belent hem-de mukaddes ynamyna bil baglap okamak, öwrenmek, döretmek galýar.
Biz ýaşlar üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýändigi üçin Arkadagly Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş aýdýarys. Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletimiziň we halkymyzyň bähbidine alyp barýan işleri rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!
Annagözel GURBANOWA,
Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy
etrabynyň 44-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap
Geňeşiniň işjeň agzasy.