OBA HOJALYK ULGAMYNDA ÝAŞLARYŇ MYNASYP ORNY

Durmuş bir duran ýerinde durmaýar. Döwür üýtgeýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde örän uly ösüşler, özgerişler amala aşyrylýar, ösüşlerimiz günsaýyn batlanýar.  Ägirt uly ösüşler, özgerişler ähli ulgamlarda, şol sanda, oba hojalyk ulgamynda täze talaplaryň, wezipeleriň ýüze çykmagyna getirýär. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz Türkmenistany dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna ýetirmek boýunça öňde goýlan wezipeleri mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmek, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak üçin welaýatlarda täze, döwrebap obalary we şäherçeleri gurmagyň depginlerini has-da güýçlendirmek, bölünip berilýän mellek ýerlerinde ähli şertleri bolan hususy ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin amatlyklary döretmek maksady bilen, ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Şeýle hem pudagy ösdürmek, ýerleriň durkuny täzelemek, melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, suwaryş usullaryny kämilleşdirmek boýunça giň gerimli işler ýaýbaňlandyrylýar. Obasenagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmaga uly üns berilýär. Bu ugurda önümçiligiň alnyp barlyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, onuň esasy özeni bolup durýan oba hojalyk pudagynyň ösüşine ýokary derejede goldaw bermek we kärendeçiligi has-da ýokarlandyrmak esasynda öndürilýän önümleriň görnüşlerini artdyrmak, ilkinji nobatda, öňde durýan möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Ilatyň azyk önümlerine bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, ekerançylyk meýdanlarynda ýeralma, pomidor, hyýar, kelem, sogan, gawun-garpyz we beýleki gök-bakja ekinleriniň önümleriniň dürli görnüşleri ýeterlik derejede öndürilip, bazarlarymyzda olaryň bolçulygy döredilýär. Munuň özi, hormatly Prezidentimiziň döwletimiziň raýatlarynyň azyk önümleri bilen bolelin üpjün edilmegi barada edýän aladalarynyň durmuşa geçirilýändiginiň  aýdyň subutnamasydyr.

Ýokarda bellenip geçilen özgertmeleriň gurşawynda ýaşlaryň hem bolmagy, telekeçilik bilen meşgullanmaga isleg bildirýän ýaşlar üçin mümkinçilikleriň açylmagy, ýeňillikli karz amallarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleriň döredilmegi geljeginiň berk binýadyny gurýan gurply döwlet üçin anyk we netijeli ädimlerdir. Ýaşlar Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda oba hojalyk ulgamynda hem netijeli işleri bilen mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Türkmen oba hojalyk institutynda we Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde bolsa, döwletiň oba hojalyk binýadyny berkden tutjak kämil bilimli, giň dünýägaraýyşly nesil kemala gelýär. Bu ýerde pudagyň ähli ugurlary boýunça zerur bolan hünärmenleri taýýarlamaga niýetlenen döwrebap okuw otaglary, innowasion enjamlar, lingafon otaglary ýaşlaryň hyzmatynda. Bu ýerde berilýän bilimiň hili döwrüň öňdebaryjy tejribeleri esasynda kämilleşdirilýär. Talyplar daşary ýurt döwletlerinde hem hünär tejribeliklerini geçmek bilen, obasenagat toplumynyň önümçiliginiň innowasion ulgamyny çuňňur öwrenýärler, döwrebap tehnologiýalara erk etmegi başarýarlar. Ýurdumyzyň oba hojalyk möwsümi üçin zerur bolan tehnikalar yzygiderli satyn alnyp, bu pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady has-da berkidilýär. Dünýäniň öňdebaryjy zawodlarynda öndürilen kombaýnlar, sürüm üçin niýetlenen dürli görnüşli traktorlar we beýleki oba hojalyk gurallary halkyň hyzmatynda. Ýaş hünärmenler bolsa, bu gurallary ylmy nukdaýnazardan öwrenýärler, dürli önümçilik tejribelikleriň üsti bilen bolsa, olara erk etmegi başarýarlar.

Biz ýaşlaryň hakykatdan-da, bu ulgamda hem mynasyp orna eýedigimize buýsanýarys we guwanýarys. Bize ajaýyp şertleri, giň mümkinçilikleri döredip berýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir. Bizi ýagty geljege sary alyp barýan we her bir günümiziň bagtyýarlyga beslenmegi üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan döwletli tutumlary rowaçlyklara beslensin!

 

Bezirgen ATAGYLYJOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň weterinar lukmançylygy

fakultetiniň 1-nji ýyl talyby, Türkmenistanyň Magtymguly

adyndaky Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 11 okalan

GADYMY KÖNEÜRGENJE SYÝAHAT

27 Noýabr 2024 | 77 okalan

ÝAŞLYGYŇ JOŞGUNY