ABADAN DURMUŞYŇ KE­PILI

Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­na la­ýyk­lyk­da, ýur­du­myz­da ylalaş­dy­ry­jy­lyk we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk sy­ýa­sa­ty ama­la aşyryl­ýar. Mil­li howp­suz­ly­gy üp­jün et­mek hem-de hal­ky­my­zyň aba­dan dur­mu­şy­nyň ke­pi­li bo­lup çy­kyş ed­ýän go­şu­ny­my­zyň go­ra­nyş ukyp­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da dur­ýar. Bu­lar dog­rusyn­da 1-nji ap­rel­de Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy go­şun ge­ne­ra­ly Gurbanguly Berdimuhamedowyň ge­çi­ren Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň mej­li­sin­de gi­ňiş­le­ýin dur­lup ge­çil­di.

Mejlisde şu ýylyň geçen üç aýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy, ýakyn geljek üçin möhüm wezipeler kesgitlenildi hem-de olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, işini has-da kämilleşdirmek bilen bagly meselelere seredildi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary gözegçilik edýän ugurlary boýunça 2020-nji ýylyň ilkinji üç aýynda durmuşa geçirilen işleriň netijeleri barada degişli yzygiderlilikde hasabatlary berdiler.

Mejlisde goranmak ministri çagyryş boýunça harby gullugy geçen harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak hem-de Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyş möwsümini ýokary derejede geçirmek üçin ähli şertleriň döredilendigi barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz harby we hukuk goraýjy edaralarda gulluk borjuny ýerine ýetirýän ýaşlary Watana bimöçber söýgi ruhunda terbiýelemegiň ähmiýetini belläp, ministre anyk tabşyryklary berdi.

Içeri işler ministri ýangyn howpsuzlyk gullugynyň işini döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berip, ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly teklipleri hödürledi. Milli Liderimiz hödürlenen teklipleri makullap, ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmegiň ýangyna garşy gullugyň esasy borçlarynyň biridigini belledi. Şeýle hem ýokary okuw mekdeplerinde işgärleri taýýarlamak ulgamyny kämilleşdirmegiň aýratyn möhümdigini nygtap, ministre degişli görkezmeleri berdi.

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz Döwlet serhet gullugynyň başlygynyň, Ýokary kazyýetiň başlygynyň, Baş prokuroryň şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda gözegçilik edýän ugurlary boýunça ýerine ýetiren işleriniň netijeleri baradaky hasabatlaryny diňledi. Hormatly Prezidentimiz öňde goýlan möhüm wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine berk gözegçilik etmek babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi, prokurorlary wezipä bellemek hem-de wezipeden boşatmak hakynda Karara gol çekdi.

Şeýle hem mejlisde milli howpsuzlyk ministri, adalat ministri, Döwlet gümrük gullugynyň başlygy, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy şu ýylyň birinji çärýeginde durmuşa geçirilen işler barada hasabat berdiler. Milli Liderimiz degişli ugurlar boýunça alnyp barylýan işleri kämilleşdirmegiň möhümdigi barada aýtmak bilen, birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de döwletimiziň goranyş häsiýetli Harby doktrinasynyň esasy maksatlary bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan giň gerimli özgertmelerini durmuşa geçirmegiň barşy barada hasabat berdi. Berkarar Watanymyzyň halkara bileleşik tarapyndan berlen Bitaraplyk derejesine ygrarlydygyny bellemek bilen hormatly Prezidentimiz bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisde başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

“Nesil” gazeti,

04.04.2020ý.