GÖREŞ BOÝUNÇA AÇYK ÇEMPIONATY GEÇIRILDI

«ÝAŞ HABARÇY» BÄSLEŞIGINE

Göreş boýunça balkan welaýatynyň açyk çempionaty geçirildi.

Ýakynda Balkan welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň guramagynda 2003-2005-nji ýyllarda doglan oglanlaryň we gyzlaryň arasynda türkmen milli göreşi we guşakly göreş boýunça welaýatyň açyk çempionaty geçirildi.

Welaýat merkezi Balkanabat şäherinde geçirilen bu bäsleşik turuwbaşdan özüniň gyzyklylygy bilen tapawutlandy. Milli göreş boýunça oglanlaryň arasynda Aşgabat şäherinden Umyt Garagulow, Balkanabat şäherinden Merdan Annamämmedow, Bereket etrabyndan Myrat Nedirhanow, Gaplaň Garlyýew, Merdan Döwrangulyýew, Kakajan Ybraýymgulyýew, Sylap Baýrammämmedow, Perman Kulyýew dagylar öz agram derejelerinde çempion diýen ada mynasyp boldular. Guşakly göreş boýunça paýtagtdan ýene-de Umyt Garagulow, Maksat Ylýasow, Gurban Allamyradow, Balkanbatdan Guwanç Abaýew, Bereket etrabyndan Durdymyrat Esenmyradow, Eldar Ruslanow garşydaşlarynyň ählisini ýeňmegiň hötdesinden gelip, 1-nji orna eýe boldular. Milli göreş boýunça gyzlaryň arasynda Balkanabat şäherinden Hesel Arazgeldiýewa, Gözel Arazgeldiýewa, şeýle hem Mähri Amanjaýewa ähli tutluşyklarynda garşydaşlaryndan rüstem geldiler.

Saparnepes Atabaýew,

Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän umumybilim berýän ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň mugallymy