“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda göreldeli batalýony hem-de zehinli esgerleri ýüze çykarmak maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň harby bölümi bilen bilelikde gurnamagynda “Mukaddes borç” atly şygar astynda harby bölümiň mejlisler jaýynda, ýaşlaryň gatnaşmagynda aýdym-sazly medeni köpçülikleýin bäsleşigi geçirildi. Baýramçylyk duşuşygyna gatnaşan wekiller öz çykyşlarynda Garaşsyz hem-de baky Bitarap ýurdumyzda halkymyza, aýratyn hem şu günüň kuwwaty, geljegiň eýesi bolan ýaş nesillerimizi bagtyýar we bolelin durmuşyny üpjün etmekde dünýä nusgalyk işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza tüýs ýüreginden çykýan alkyşlaryny beýan etdiler şeýle hem Hormatly Prezidentimiziň we döwletimiziň öz Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylaryna örän jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmekde bildirilýän uly ynamynyň we olar hakda edýän aladasynyň aýdyň nyşany bolup durýandygyny nygtadylar.
Iň gowy asylly ýörelgeler Watanyň beýgelmeginiň hatyrasyna amal edilýändir. Watanyň goragy bolsa mukaddesligiň goragydyr. Watanymyzyň mukaddesligi Garaşsyzlyk hem-de Bitaraplyk bilen aýrylmaz baglanşyklydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň “Mertler watany beýgeldýär” atly kitabynda şeýle belleýär: “Watan goragy biziň üçin heňňamlardan aşyp gelýän täsin heň bilen sazlaşýan namadyr. Her bir türkmen maşgalasynyň perzendine berýän öwüdi Watany eý görmekdir. Watan söýgüsi sazanda öň asla eşidilmedik, mahlasy, bilbilgöýäniň saýraýşyna meňzeş sazy döretmäge emir berýär” diýip belleýär. Amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler ata-babalarymyzyň parahat-söýüjilik ýörelgeleriniň has-da dabaralanmagynda öz beýanyny tapýar. Bu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýer ýüzünde parahatçylygy berkarar edýän ýurtlaryň hatarynda tanalýar. Parahatsöýüjilik ýörelgeler bolsa goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Hormatly Prezidentimiziň harby ylym-bilimiň kämilliginiň gazanylmagyna, döwrebaplaşdyrylmagyna uly ähmiýet berýär. Munuň özi ýaş watançylar hakynda edilýän aladalaryň, Watan goragyna kämil nesilleri taýýarlamagyň ähmiýetini has-da aýan edýär. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň adyna hoşallyk sözler aýdyldy.
Amanberdi ANNABERDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar Guramasynyň Aşgabat şäher
Geňeşiniň medeniýet we köpçülikleýin
habar beriş bölüminiň müdiri.