Ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek milli Liderimiziň başyny başlan täze şähergurluşyk syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. 9-njy aprelde hormatly Prezidentimiziň paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, iri gurluşyk meýdançalarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýlary bilen tanyşmagy munuň şeýledigine aýdyň subutnamadyr.
Şol gün döwlet Baştutanymyz Aşgabadyň täze dolandyryş-işewür merkeziniň kemala gelýän günorta künjeginde bina edilýän täze gurluşyklary synlady. Olaryň hatarynda Halk Maslahatynyň Diwanynyň binalar toplumy we Türkmenistanyň Maslahatlar merkezi, kaşaň myhmanhana, Hökümet münberiniň binasy hem bar.
Ir bilen milli Liderimiz Halk Maslahatynyň Diwanynyň binalar toplumynyň gurulýan ýerine geldi. Bu ýerde toplumyň içiniň gurluşy, bezelişi we mebeller bilen enjamlaşdyrylyşy barada aýdyň düşünje almaga mümkinçilik berýän taslamalar görkezildi. «Buig» fransuz kompaniýasynyň wekili hormatly Prezidentimizi, esasan, binanyň bezelişine degişli çyzgylar we taslamalar bilen tanyşdyrdy.
Döwlet Baştutanymyz binanyň bezelişine ünsi çekip, işleriň hiliniň ýokary derejesini we olaryň bildirilýän talaplara laýyk gelmegini üpjün etmegi tabşyryp, ulanylýan serişdeleriň berkligi hem-de uzak möhletleýinligi bilen tapawutlanmalydygyny nygtady.
Soňra hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň binalar toplumyna tarap ugrady. Maslahatlar merkeziniň iri göwrümli binasy 47 müň 464 inedördül metr meýdany tutýar. Onuň beýikligi 38,65 metre, ini 190 metre deňdir. Bina 93,7 müň inedördül metr meýdanda ýerleşýär. Toplumyň düzümine girýän üç desganyň ählisi umumy binagärlik çözgüdine eýe bolup, ýeke-täk toplumy kemala getirýär.
Milli Liderimiz soňky ýyllarda Aşgabadyň sebit we dünýä derejeli iri maslahatlaryň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrülendigini, şoňa görä-de, bu ýerde gurulýan desgalaryň ýokary halkara ölçeglerine kybap gelmelidigini belläp, toplumyň düzümine girýän Kabul ediş merkeziniň gurluşygynda ýerine ýetirilýän işler bilen hem tanyşdy.
Döwlet Baştutanymyz bu ýerde hem ulanylýan gurluşyk we bezeg serişdeleriniň hil aýratynlygyna hem-de milli bezeg öwüşginleriniň peýdalanylmagyna aýratyn üns berilmelidigini belläp, birnäçe tekliplerini aýtdy. Şunuň bilen bir hatarda, milli Liderimiz toplumyň çäklerindäki ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak we bagy-bossanlyga büremek boýunça tabşyryklary berdi.
Iş saparyny dowam edip, hormatly Prezidentimiz Arçabil we Çandybil şaýollarynyň arasynda bina edilýän «Arkadag» diýen kaşaň myhmanhana bardy. Bu ýerde milli Liderimize toplumyň bezeg aýratynlyklaryny hem-de onuň yşyklandyrylyşynyň ýagdaýlaryny beýan edýän taslamalardyr çyzgylar görkezildi.
Döwlet Baştutanymyz myhmanhananyň desgalarynyň, onuň otaglarynyň içki bezeg işlerine ünsi çekip, bu ýerde milli bezeg usullarynyň we beýleki özboluşly serişdeleriň ulanylmalydygyny aýtdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz täze Hökümet münberiniň ýerleşen ýerine tarap ugrady. Umumy meýdany 20 müň 450 inedördül metrden ybarat bolan täze desgany gözden geçirip, hormatly Prezidentimiz bu ýerde giň gerimli dabaralaryň geçiriljekdigini belledi. Münberiň bezelişine hem-de ekologiýa nukdaýnazaryndan ýanaşyk ýerleriň abadanlaşdyrylyşyna aýratyn üns berilmelidigini aýdyp, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, paýtagtymyzda gurulýan täze desgalar Aşgabadyň depginli täzelenýän binagärlik keşbine sazlaşykly goşulyp, onuň ajaýyp gözelligine öwrülmek bilen birlikde, Watanymyzyň gülläp ösýändiginiň we rowaçlanýandygynyň aýdyň nyşany bolmagyna gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz boýunça iş saparyny tamamlap, öňde goýlan wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw etmek bilen bu ýerden ugrady.
“Nesil” gazeti,
11.04.2020ý.