13-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.
Maslahatda paýtagtymyzy hemde sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, şol sanda şähergurluşyk ulgamynda özgertmeler maksatnamalaryny amala aşyrmagyň, oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin çäreleri öz wagtynda geçirmegiň möhüm meselelerine hem-de öňde boljak baýramçylyklara taýýarlyk görlüşine garaldy.
Milli Liderimiz, ilki bilen, Aşgabat şäheriniň häkimini wideoaragatnaşyga çagyrdy. Häkim paýtagtymyzy mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak boýunça görülýän çäreler, şäheriň eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulan gurluşyklaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan çäreler, şeýle-de tomusky möwsüme taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän işler barada habar berdi. Döwlet Baştutanymyz ýakynlaşyp gelýän tomus möwsümi baradaky meselä geçip, degişli desgalaryň abatlanylmagy bilen baglanyşykly anyk görkezmeleri berip, işleriň ähli görnüşleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra welaýatlaryň häkimleri sebitlerde alnyp barylýan işler barada degişli yzygiderlilikde hasabat berdiler. Hasabatlarda ýurdumyzyň welaýatlarynda gowaça ekişiniň barşy, oba hojalyk tehnikalaryny we awtoulag serişdelerini netijeli işletmek, daýhanlary ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy. Habar berlişi ýaly, häzirki döwürde agrotehniki kadalara laýyklykda, güýzlük bugdaýa ideg edilýär. Gök-bakja ekinlerinden, ýeralmadan we beýleki oba hojalyk ekinlerinden bereketli hasyl almak üçin zerur bolan agrotehniki çäreler görülýär.
Hasabatlary diňläp, hormatly Prezidentimiz welaýatlary toplumlaýyn ösdürmek boýunça Oba milli maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmegiň möhümdigini nygtady. Şu günler gyzgalaňly dowam edýän gowaça ekişine ünsi çekip, milli Liderimiz milli baýlygymyz hasaplanylýan «ak altynyň» bol hasylyny ösdürip ýetişdirmekde uly ähmiýete eýe bolan bu wajyp çäräni aýny möhletinde guramaçylykly geçirmek üçin degişli şertleri döretmek barada welaýatlaryň häkimlerine anyk tabşyryklary berdi.
Maslahatyň dowamynda döwlet Baştutanymyz ýakynlaşyp gelýän galla oragy möwsümine guramaçylykly taýýarlyk görmegiň ähmiýeti barada aýdyp, bu jogapkärli oba hojalyk möwsümine gatnaşýan kärendeçileriň we mehanizatorlaryň sazlaşykly hemde ýokary öndürijilikli işlemegi üçin ähli çäreleri görmegi talap etdi. Däne oragy möwsümine ýörite tehnikalary we enjamlary, kabul ediş bölümleri, elewatorlary, ammarlary, terezileri hem-de awtoulag serişdelerini taýýarlamak işine aýratyn üns berilmelidir.
Hormatly Prezidentimiz kärendeçileri suw, dökün we tohum bilen zerur möçberde üpjün etmek bilen bagly birnäçe tabşyryklary berdi. Munuň özi geljekde üstünlik gazanmagyň — ekerançylaryň öz borçnamalaryny ýerine ýetirmeginiň möhüm şertidir. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýeralmanyň, soganyň hem-de beýleki gök-bakja ekinleriniň bol hasylynyň ösdürilip ýetişdirilmegini üpjün etmek maksady bilen, ähli agrotehniki çäreleriň öz wagtynda ýokary hilli geçirilmegini tabşyrdy.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz buýsanjymyz we milli guwanjymyz bolan Türkmen bedewiniň milli baýramynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahaty Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hasabaty bilen dowam etdi. Wise-premýer amala aşyrylýan işleriň ýagdaýy we depgini barada hasabat berdi. Obasenagat toplumynda bar bolan mümkinçilikleri doly güýjünde ulanmagyň zerurdygyny nygtap, hormatly Prezidentimiz ekinlere ideg etmek boýunça agrotehniki çäreleri öz wagtynda ýokary derejede geçirmegiň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere meýdanlarda dowam edýän işleriň agrotehniki kadalarynyň pugta berjaý edilmegini üpjün etmek, degişli gulluklaryň we düzümleriň utgaşykly hereketini ýola goýmak tabşyryldy.
Sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny tamamlap, milli Liderimiz oňa gatnaşanlara berk jan saglyk hem-de berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyna gönükdirilen wajyp wezipeleri çözmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.
“Nesil” gazeti,
16.04.2020ý.