20-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de öňde boljak baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk meselelerine garaldy.
Milli Liderimiz, ilki bilen, göni wideoaragatnaşyga Aşgabat şäheriniň häkimini çagyrdy. Häkim paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäher düzümlerini mundan beýläk-de ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim aşgabatlylaryň arzuw-isleglerini beýan etmek bilen, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «2020-nji ýyl — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany»: behişdi bedewlerimiz bilen sagdyn durmuş ýörelgesi» şygary astynda welosipedli ýörişi hem-de uzak aralyga ylgamak boýunça köpçülikleýin sport çäreleriniň meýilleşdirilýändigini döwlet Baştutanymyza habar berdi.
Aşgabatda amala aşyrylýan işleriň toplumlaýyn häsiýete eýe bolmalydygyny we onuň görkezijiler babatda häzirki zaman şäherine mynasyp derejede nusga bolmagyny üpjün etmelidigini belläp, hormatly Prezidentimiz şäher ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz şäherde gurulýan desgalaryň hiline we bellenilen möhletde gurlup gutarylmagyna yzygiderli gözegçilik etmegi tabşyrdy. Şeýlede tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk meselelerine ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmegiň zerurdygyny belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlaryny degişli yzygiderlilikde diňledi. Häkimler, hususan-da, şu günler ýurdumyzyň sebitlerinde alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, gowaça ekişiniň depginini güýçlendirmek, güýzlük ak ekinlere degişli derejede ideg işlerini ýola goýmak ugrunda ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdiler. Ýeralmanyň, gök we bakja ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmek maksady bilen zerur işler alnyp barylýar.
Şunuň bilen birlikde, häkimler welaýatlarda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli taýýarlanylan medeni maksatnamalar barada hem hasabat berdiler. Şeýle hem ählihalk baýramynyň bellenilýän gününde «2020-nji ýyl — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany»: behişdi bedewlerimiz bilen sagdyn durmuş ýörelgesi» şygary astynda köpçülikleýin sport çärelerini geçirmegiň göz öňünde tutulandygy habar berildi.
Hasabatlary diňläp, milli Liderimiz ähli meýdan işleriniň agrotehniki kadalara laýyk derejede alnyp barylmagy, önümçilik düzümleriniň sazlaşykly işiniň üpjün edilmegi babatda häkimlere anyk tabşyryklary berdi. Pagtaçylaryň degişli möçberde tohumlyk serişdeler bilen üpjün edilmeginiň, ekişde oba hojalyk tehnikalaryň we beýleki enjamlaryň doly herekete girizilmeginiň, güýzlük dänelik ekinleriň mineral dökünler bilen iýmitlendirilmeginiň we olara ösüş suwunyň tutulmagynyň berk gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyryp, döwlet Baştutanymyz galla oragyna taýýarlygyň hem toplumlaýyn häsiýete eýe bolmagy ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi.
Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz häkimlere welaýatlarda dürli görnüşli gök we bakja önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak, şunlukda, bar bolan mümkinçilikleri netijeli peýdalanmak boýunça anyk çäreleri görmegi tabşyrdy. Gurulýan dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň öz wagtynda tamamlanmagy we ulanmaga berilmegi hem wajypdyr.
Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, milli Liderimiz oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen möhüm wezipeleri çözmek ugrunda çekýän zähmetlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
“Nesil” gazeti,
23.04.2020ý.