1-nji maý da hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna seredildi.
Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän düzümlerindäki alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler. Milli Liderimiz wise-premýerleriň hasabatlaryny degişli yzygiderlilikde diňläp, ähmiýet berilmeli meselelere ünsi çekdi, anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, maliýe-ykdysady toplumyň edaralarynyň işiniň möhüm ugurlaryna ünsi çekip, ýurdumyzy 2030-njy ýyla çenli senagatlaşdyrmak maksatnamasynyň durmuşa geçirilýändigini nygtady. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz nebitgaz senagatynyň esasy önümçilik we düzümleýin desgalaryny kämilleşdirmek, ähli pudaklara döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça işleri güýçlendirmelidigini belledi. Munuň özi şol pudaklaryň innowasion esasda yzygiderli ösmegine ýardam berer.
Sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisde milli Liderimiziň garamagyna şu ýyl ýurdumyzda gant şugundyryny öndürmek bilen bagly Kararyň taslamasy hödürlenildi. Tutuş ýurdumyz boýunça jemi 17 müň 900 gektar meýdana güýzlük gant şugundyryny ekip, şondan 224 müň tonna hasyl almak göz öňünde tutulýar. «Türkmenistanda 2020-nji ýylda gant şugundyryny öndürmek hakyndaky» Karara gol çekip, döwlet Baştutanymyz ony elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly degişli wise-premýere iberdi we resminamany ýerine ýetirmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz mejlisde Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamyny hem-de üstaşyr geçelgeleri kemala getirmek barada öňe sürýän başlangyçlarynyň tutuş dünýä jemgyýetçiliginde uly goldawa eýe bolýandygyna hem-de doly ykrar edilýändigine ünsi çekip, transkontinental ugurlary babatda ýurdumyzda gurlan awtoulag köprüleriniň möhüm ähmiýetiniň bardygyny aýtdy. Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz köprüleriň kadaly ulanylmagynda hem-de wagtly-wagtynda abatlaýyş işleriniň geçirilmeginde käbir kemçiliklere ýol berilýändigi sebäpli, gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň bu ugurda alyp barýan işine nägilelik bildirdi.
Hasabatlarda bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 1-nji synp okuwçylaryna döwlet Baştutanymyz tarapyndan gowşuryljak kompýuterleriň zerur bolan sanynyň çykarylmagyny Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Kompýuter tilsimaty merkeziniň bilelikdäki «Agzybirlik tilsimaty» kärhanasy üpjün eder. Şu hakynda aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz import önümleriniň ornuny tutýan harytlary öndürmek hem-de ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak, bäsdeşlige ukyply senagaty ösdürmek babatda telekeçileriň eýeleýän ornunyň giňelýändigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz mejlisde okuwçylaryň tomusky dynç alyş möwsümini üstünlikli geçirmek üçin zerur bolan ähli şertleri döretmegiň möhümdigini belledi hemde mekdep okuwçylarynyň dynç alyş möwsümini şadyýan, gyzykly we peýdaly geçirmegi üçin düzümleriň işlerini döwrüň ýokary talaplaryna laýyklykda täzeçil guramak barada degişli wise-premýere görkezmeleri berdi.
Mejlisiň dowamynda milli Liderimiz häzirki döwrüň wideoaragatnaşyk mümkinçiliklerini peýdalanyp, medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýere «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly halkara fotosergini we maslahaty geçirmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi, olara gatnaşyjylaryň döredijilik taýdan üstünlikli gatnaşyk etmegi üçin hemme şertleri döretmegi tabşyrdy.
Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlisde hormatly Prezidentimiz häzirki zaman şertlerinde Türkmenistanyň dünýäniň söwda-ykdysady ulgamyna yzygiderli goşulyşmagynyň bazar gatnaşyklaryny ösdürmegiň, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmagyň, onuň maýa goýumlary babatda özüne çekijiligini ýokarlandyrmagyň möhüm şerti bolup durýandygyny nygtady. Şeýlelikde, Bütindünýä söwda guramasy bilen gatnaşyklaryň täze derejä çykarylmagy hem-de bu guramada synçy derejesine eýe bolunmagy Türkmenistana diňe bir ählumumy işlere işjeň gatnaşmaga däl, eýsem, özüniň bäsdeşlik artykmaçlyklaryny üstünlikli amala aşyrmaga mümkinçilik berer.
Mundan başga-da, milli Liderimiz Medeniýet hepdeligine hem-de edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, ýaş ýerine ýetirijileriň hem-de çagalaryň arasynda her ýyl geçirilýän «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşigine häzirden ykjam taýýarlyk görmegiň zerurdygyny aýtdy. Şeýle çäreler halkymyzy beýik işlere ruhlandyrýar, onuň döredijilik kuwwatyny artdyrýar, milli medeniýetimiziň ösdürilmeginiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny aýdyňlyk bilen görkezýär.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
“Nesil” gazeti,
05.05.2020ý.