WATAN GORAGÇYLARY SARPALANDY

9-njy maýda hormatly Prezidentimiz 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşdy. Gazaply uruş ýyllarynda türkmen halkynyň müňlerçe edermen ogullary doganlyk halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, söweş meýdanlarynda gaýduwsyzlyk görkezdiler. Olaryň hatarynda hormatly Prezidentimiziň atasy Berdimuhamet Annaýewiň bardygyny, onuň durmuş ýolunyň täze taryhy eýýamda ösüp barýan ýaş nesiller üçin watansöýüjiligiň, borja wepalylygyň nusgalyk mekdebine öwrülendigini bellemeli.

Bu günki baýramçylyk dabaralary möhüm waka — Aşgabat şäheriniň Halkara howa menziline gymmatly mukaddesligi getiren uçaryň gelip gonmagy bilen başlandy. Uçaryň bortunda edermen we gaýduwsyz esger Berdimuhamet Annaýewiň söweşen 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunyň söweşjeň baýdagy bar. Uçaryň ýanynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi. Russiýa Federasiýasynyň Ýaragly Güýçleriniň Hormat garawulynyň serkerdesi iki esgeriň ugratmagynda söweşjeň baýdagy uçardan çykarýar we ony Russiýanyň biziň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň harby gullukçysyna gowşurdy. Soňra gymmatly mukaddesligi getirýän awtoulag kerweni «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna tarap ugrady. Aşgabat ýertitremesi hakyndaky ýatlama paýtagtymyzdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda öz beýanyny tapdy. Onuň düzüminde «Baky şöhrat» we «Milletiň ogullary» ýaly 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda söweş meýdanlarynda baş goýan Watan goragçylarynyň ýadygärlikleri, şeýle hem «Ruhy tagzym» ýadygärligi bar.

«Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Türkmen halkynyň söweşjeň däplerini, şöhratly pederlerimiziň watansöýüjilik ýörelgelerini dowam etdirijiler bolan Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldiler. Söweşjeň şöhratyň we umumymilli hakydanyň mukaddes künjegi bolan beýik binalaryň üçüsiniň etegine hormatly Prezidentimiz ajaýyp gül desselerini goýdy. Döwlet Baştutanymyzyň yz ýany bilen Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary gül goýdular. Olaryň yzysüre jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de Mejlisiň komitetleriniň ýolbaşçylary, Beýik Watançylyk urşunyň weteranlary, ýaşulular we kümüş saçly eneler, tylyň hormatly zähmetkeşleri we urşa gatnaşanlaryň yzynda galan mukaddes ojagy saklan eneler gül desselerini goýdular. Dabara çagyrylan myhmanlar, şol sanda Russiýa Federasiýasynyň goranmak ministriniň orunbasary, general-polkownik Aleksandr Fomin hem-de onuň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary hem wepat bolanlary sarpalap, ýadygärligiň etegine ajaýyp gül çemenlerini goýdular. Gül goýmak dabarasyna gatnaşýanlaryň hatarynda daşary ýurtly diplomatlar, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bar. Milli Gahrymanlaryň edermenliginiň öňünde talyp ýaşlar, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleri, köp sanly aşgabatlylar baş egdiler.

Soňra ýurt Baştutanymyz «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň meýdançasynda, Agzybirlik köçesiniň ugrunda bina edilen syn ediş münberine bardy. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň «Göreldeli» harby orkestriniň ýerine ýetirmeginde dabaraly saz ýaňlandy we dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Döwlet senasy ýerine ýetirildi. Döwlet Baştutanymyz türkmen halkyna, uruş we zähmet weteranlaryna ýüzlenip, şu gün ýurdumyzda şöhratly baýram — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda örän uly kynçylyklar hem-de pidalar çekilip gazanylan mukaddes Ýeňşiň 75 ýyllyk şanly baýramynyň giňden bellenilýändigini aýtdy. 75 ýyldan soň, bu ölmez-ýitmez Beýik Ýeňiş has hem nurana, has hem röwşen görünýär.

Geçen urşuň ýalynly ýollaryny geçen türkmenistanly esgerleriň 70 müňden gowragy orden-medallar bilen sylaglandy. 104-si Gahryman diýen belent ada, 15-si bolsa doly derejeli «Şöhrat» ordenine mynasyp boldy diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Goranmak gaznasyna Watanyň ar-namysy we azatlygy üçin 7400 kilograma golaý iň gymmatly altyn-kümüş şaý-sepleri tabşyryldy. Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Permany bilen türkmenistanly weteranlarynyň uruş we tylda zähmet çeken weteranlaryň 4,5 müňden gowragynyň «1941 —1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy.

Soňra milli Liderimiz ähli halkymyzy Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlady. Uruş weteranlaryna, tylyň zähmetkeşlerine, ýurdumyzyň ähli raýatlaryna, Arkalaşygyň ýurtlarynyň, beýleki daşary döwletleriň halklaryna tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Soňra Russiýa Federasiýasynyň goranmak ministriniň orunbasary, general-polkownik Aleksandr Fomine söz berildi. A.Fominiň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň 300 müňden gowrak esgeri urşuň ähli söweşlerine gatnaşyp, Reýhstagyň diwarlaryna çenli baryp ýetdiler. Olaryň 104-si «Sowet Soýuzynyň Gahrymany» diýen belent ada mynasyp boldular. Hormatly myhman taryhy hakydany gorap saklamak üçin doganlyk türkmen halkyna 2-nji Ukrain frontunyň 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunyň söweşjeň baýdagynyň hemişelik gowşurylýandygyny habar berdi. Ol türkmen halkynyň Ýeňiş gününi ýakynlaşdyrmak üçin gurban eden gymmatyny ýatladyp durar.

Soňra dabaraly harby ýörişiň baýdak göterijileri Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny, Ýeňiş baýdagyny hemde Russiýa tarapyndan berlen 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunyň söweşjeň baýdagyny meýdançada hatara düzülen şahsy düzümiň öňünden buýsanç bilen göterip geçdiler. «Gaz M20 Pobeda» ulagynda ýene-de bir mukaddes gymmatlyk bolan, Watan goragynda görkezen şahsy edermenligi, batyrlygy we gaýduwsyzlygy, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda harby borja wepalylygy üçin edermen esger Berdimuhamet Annaýewe gowşurylan Russiýa Federasiýasynyň «Edermenligi üçin» diýen ýokary döwlet sylagy getirildi.

Häzirki döwürde edermen esger Berdimuhamet Annaýewiň adyny göterýän harby mekdebiň okuwçylary şöhratly däpleri mynasyp dowam edýärler. Soňra söweşjeň batalýonyň esgerleri Beýik Watançylyk urşy ýyllarynyň harby lybasynda dabaraly ýörişi dowam etdiler. Watanymyzyň goragynda sarsmaz gala bolup duran motoatyjy esgerler dabaraly harby ýörişiň hatarlary bilen, asmana atyjylar — ýurdumyzyň howa giňişliginiň goragçylary, Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygynyň hormatyna guralýan dabaraly harby ýörişden buýsanç bilen geçdiler. Münberiň öňünden jebis hatarlar bilen harby deňizçiler geçdiler. Olaryň yzy bilen meýdançadan artilleriýa diwizionynyň şahsy düzümi, raýat goranyş we halas ediş batalýonynyň harby gullukçylary, «Türkmen edermen» ýörite maksatly batalýony, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda edermenlik görkezen atly toparyň eginbaşynda türkmen esgerleriniň dowam etdirmegi Ýeňşiň 75 ýyllygyna bagyşlanyp guralýan bu ýörişiň hakyky bezegine öwrüldi. Soňra harby ýörişi Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan harby tehnikalaryň hatary dowam etdi. Urşa gatnaşanlaryň we tylda gaýratly zähmet çekenleriň köp sanly fotosuratlarynyň arasynda hormatly Prezidentimiziň atasy Berdimuhamet Annaýewiň suraty aýratyn hormat bilen göterilip geçildi. Gahrymanyň uruşdan dolanyp gelmegine onuň ähli maşgalasy sabyrsyzlyk bilen garaşypdy.

9-njy maý güni şäherleriň we obalaryň ilaty edermen Watan goragçylaryna belent hormatyň nyşany hökmünde Milli Gahrymanlaryň, 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda mertlerçe wepat bolanlaryň hatyrasyna ýurdumyzyň dürli künjeklerinde dikeldilen ýadygärliklere gül desselerini goýdular. Hemme ýerde şöhratly senäniň hormatyna medeni çäreler, köpöwüşginli aýdym-sazly çykyşlar guraldy.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň «Göreldeli» harby orkestri Ýeňiş güni mynasybetli belent ruha beslenen watansöýüjilik aýdymyny ýerine ýetirdiler. Şeýle hem «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň öňündäki meýdançada gurnalan uruş günleriniň sahnalaşdyrylan düşelgesi hem-de meýdan aşhanasy çärä gatnaşyjylar üçin özboluşly sowgat boldy. Türkmen halkynyň asuda asmanyň astynda bagtyýar durmuş, erkin, garaşsyz döwlet baradaky köpasyrlyk arzuwynyň amala aşandygyny alamatlandyrýan älemgoşar öwüşginli feýerwerk Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli geçirilen baýramçylyk dabaralarynyň jemlenmesine öwrüldi.

“Nesil” gazeti,

12.05.2020ý.