OBASENAGAT TOPLUMY KÄMILLEŞDIRILÝÄR

26-njy maýda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Ilki bilen, göni wideoaragatnaşykda Aşgabat şäheriniň häkimi paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şanly senelere görülýän taýýarlyk işleri, tomusky möwsümi guramaçylykly geçirmek ugrunda görülýän çäreler, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşyk işleriniň depginini güýçlendirmek üçin alnyp barylýan işler, şäheriň arassaçylyk we abadançylyk derejesini saklamak üçin geçirilýän degişli çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmen halysynyň baýramy, Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň guramaçylykly geçirilmegi, ulularyň we çagalaryň tomusky dynç alşyny guramak maksady bilen, degişli gulluklar bilen ýakyn hyzmatdaşlygyň zerurdygy, ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalaryň gurluşyk işleriniň depginini ýokarlandyrmak barada aýtdy.

Soňra wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimleri yzly-yzyna hasabat bilen çykyş edip, şu gyzgalaňly günlerde gowaça meýdanlarynda hatarara bejergisi, ýekelemek we otag işleriniň dowam edýändigi, pagtaçy-kärendeçileriniň gowaça meýdanlarynda ýaýbaňlandyran ideg işleri, şol bir wagtyň özünde galla oragyna taýýarlyk, şeýle hem gök we bakja ekinlerinden alynýan hasylyň mukdaryny artdyrmak üçin amala aşyrylýan guramaçylyk işleri, Diýarymyzyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramyny mynasyp derejede garşylamak we bu senä gabatlanyp ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky gurluşyk işleri, gant şugundyrynyň ekişini bellenilen möhletinde geçirmek, şol bir wagtyň özünde tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly alyp barmak, Diýarymyzyň durmuşynda möhüm orun eýeleýän şanly senelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdiler. Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, häzirki döwürde ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň, durmuşa geçirilýän agrotehniki çäreleriň ýokary hilli we bellenilen möhletinde amala aşyrylmagynyň geljekki bol hasylyň girewidigine ünsi çekdi. Galla oragyny gysga wagtda we ýokary hilli tamamlamak, möwsüme degişli ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek meselelerine örän jogapkärli çemeleşilmelidigini belledi we bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryny çagyrdy. Wise-premýer ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň obasenagat toplumynyň öňünde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek, ekinleriň güýzlük görnüşleriniň ekişine guramaçylykly girişmek üçin görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň degişli düzümlerinde alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk derejede guralmagynyň möhümdigini nygtady. Ideg işleri bilen bir hatarda, galla oragynda işlediljek oba hojalyk tehnikalarynyň taýýarlyk derejesini yzygiderli gözegçilikde saklamalydygyny tabşyrdy. Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň geljekki mejlisine güýzlük ýeralma, sogan we gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdany bilen baglanyşykly degişli resminamanyň taslamasyny taýýarlamagy tabşyrdy. Bugdaý oragynyň gelip ýetendigini we hökümetiň nobatdaky mejlisinde möwsüme girişmek bilen baglanyşykly Kararyň taýýarlanylmalydygyny belledi hem-de bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi. Bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen öňdebaryjy tejribäni, şeýle hem usulyýeti alyşmak maksady bilen, degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy. Soňra hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylara işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

“Nesil” gazeti,

28.05.2020ý.