21-nji maýda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat hem-de gurluşyk we senagat toplumlaryna gözegçilik edýän orunbasarlarynyň gatnaşmaklarynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda ýurdumyzyň ilatyny türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýän azyk önümleri bilen üpjün etmekde alnyp barylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de öňde durýan, ilkinji nobatda, amala aşyrylmaly wezipeler kesgitlenildi. Obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň çäklerinde, şu günler obasenagat toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň öndürilişini yzygiderli artdyrmaga, ekerançylaryň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilýändigi barada hasabat berdi. Hasabaty diňläp hem-de obasenagat toplumyny özgertmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny yzygiderli durmuşa geçirmegiň möhümdigine ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň içerki bazarynyň tutuş ýylyň dowamynda zerur azyk önümleri bilen üpjün edilmelidigini belledi we bu babatda wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.
Soňra gurluşyk we senagat toplumlaryna gözegçilik edýän wise-premýer milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde dökün önümçiligi bilen meşgullanýan senagat kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak we olary gaýtadan enjamlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada giňişleýin maglumat berildi. Hasabaty diňläp, döwlet Baştutanymyz sanly ulgama geçmek işini çaltlandyrmak, ähli düzümlere täzeçil tehnologiýalary we häzirki zamanyň ösen tejribesini ornaşdyrmak meselelerine örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz oba hojalygynyň senagat önümçiligi bilen birlikde utgaşykly işlemegini gazanmagyň ileri tutulýan wezipedigine wise-premýerleriň ünsüni çekdi we şunuň bilen baglylykda, olaryň öňünde ýerine ýetirilmeli anyk wezipeleri kesgitledi.
Obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýere ýüzlenip, milli Liderimiz ýurdumyzda ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök-bakja önümleriniň öndürilişini artdyrmak barada tabşyryk berdi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyza daşyndan getirilýän gök-bakja önümleriniň möçberlerini azaltmak hem-de bu önümler bilen ilatymyzy üpjün etmek maksady bilen, şu ýylyň güýzünde welaýatlarda ýeralmanyň we soganyň ekilýän meýdanyny giňeltmek hem-de goşmaça gök-bakja ekinleriniň ekilmegi üpjün edilmelidir. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz tohumlyk ýeralmanyň, soganyň özümizde doly möçberde öndürilmegini üpjün etmegi gazanmagyň zerurdygyny, bu gök ekinleriň daýhan birleşikleri we hususy önüm öndürijiler tarapyndan hem-de hususy hojalyklarda ekilmeginiň göz öňünde tutulmalydygyny, sowadyjy ammarlary gurmak işlerine Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň giňden çekilmelidigini aýtdy.
Gurluşyk we senagat toplumlaryna gözegçilik edýän wise-premýere ýüzlenip, milli Liderimiz ýurdumyzda ekilýän oba hojalyk ekinlerini mineral dökünler bilen üpjün etmek barada anyk tabşyryklary berdi.
Şu günki maslahatyň dowamynda kesgitlenen wezipeleriň berjaý edilmegine jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini aýdyp, döwlet Baştutanymyz oňa gatnaşyjylara öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz gurluşyk we senagat toplumlaryna gözegçilik edýän wise-premýer we Aşgabat şäheriniň häkimi bilen bilelikde paýtagtymyzyň merkeziniň binagärlik keşbini has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Wise-premýer hem-de şäher häkimi bu ulgamdaky işleriň ýagdaýy, Aşgabady abadanlaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan giň gerimli çäreler barada hasabat berdiler. Şäheriň birnäçe binalaryny, aýratyn-da, paýtagtymyzyň merkezinde ýerleşýän desgalary abadanlaşdyrmagyň, döwrebaplaşdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, milli Liderimiz bu desgalaryň şäheriň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmegine, döwrebaplaşdyryş işlerinde döwrüň ösen tejribesinden ugur almalydygyny, täzeçil tehnologiýalaryň işjeň ulanylmalydygyny belledi we bu işleri häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede alyp barmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Dünýäniň owadan we ýaşaýyş üçin amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyrýan Aşgabatda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny belläp, döwlet Baştutanymyz öňde durýan wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw etdi.
“Nesil” gazeti,
23.05.2020ý.