DUR­NUK­LY ÖSÜŞ — MIL­LI YK­DY­SA­DY­ÝE­TIŇ BAŞ ŞER­TI

3-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa Mejlisiň wekilleri, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri hem-de olaryň orunbasarlary çagyryldy.

Mejlisde halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň şu ýylyň alty aýynda gazanan netijeleriniň jemi jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi hem-de ýerine ýetirilen işlere baha berildi. Prezident maksatnamalaryny we beýleki meýilnamalary durmuşa geçirmegiň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy, ikinji ýarym ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi, ýolbaşçy işgärleri wezipä bellemek, wezipeden boşatmak, şeýle hem beýleki guramaçylyk meselerine garaldy.

Milli Liderimiz, ilki bilen, medeniýet ulgamynda öňde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi. Häzirki döwürde ýurdumyzda bu ulgamyň edaralarynyň oňat maddy-enjamlaýyn binýadynyň döredilendigini aýdyp, döwlet Baştutanymyz zehinli sungat işgärlerini ýüze çykaryp, olary dünýä jemgyýetçiligine tanatmak boýunça işleriň geçirilmeginiň zerurdygyny nygtady. «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşigini ýokary derejede geçirmegiň wajypdygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän wisepremýere Garaşsyzlyk, Bitaraplyk we Täze ýyl baýramçylyklary mynasybetli tele hem-de radioýaýlymlarda gyzykly gepleşikleri we aýdym-sazly çykyşlary taýýarlamagy tabşyrdy.

Soňra ykdysadyýet we maliýe ulgamlaryna gözegçilik edýän wise-premýer şu ýylyň birinji ýarymynda makroykdysady görkezijiler hakynda hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, alty aýda jemi içerki önümiň möçberi 5,9 göterim artdy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümleriň öndürilişi 4,4 göterim köpeldi. Milli Liderimiz dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaýlar bilen baglylykda 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamaga örän jogapkärli çemeleşmelidigini nygtady. Şoňa görä, şu ýylyň ahyryna çenli bellenen ähli işleri üstünlikli tamamlamagyň zerurdygyna ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ähli orunbasarlary bilen bilelikde, Halk Maslahatynda berlen tabşyryklary durmuşa geçirmek, şeýle hem geljek ýylyň Döwlet býujeti boýunça maslahat geçirmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Mejlisine ibermek üçin 2020-nji ýylyň rejelenen Döwlet býujetiniň taslamasyna seretmek baradaky hata gol çekdi.

Mejlisde milli Liderimiz nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, geçen alty aýyň jemleri boýunça toplumda esasy önümçilik görkezijileriniň bellenen meýilnamalara laýyklykda ýerine ýetirilendigine garamazdan, käbir görkezijileriň ösüş depgininiň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, pes bolandygyny aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz tebigy gazyň çykarylyşynyň, gaýtadan işlenilişiniň we daşarky bazarlara eksport edilmeginiň mukdaryny artdyrmak, daşary ýurt walýutasynyň gelip gowuşýan möçberlerini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ýurdumyzda elektron senagatyny döretmek boýunça işleriň başlanandygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz, ozaly bilen, zerur hünärmenleriň ýokdugy sebäpli, bu işleriň ýeterlik derejede alnyp barylmaýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ulag we kommunikasiýa toplumlaryna, şeýle hem bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryna gözegçilik edýän wise-premýerlere bilelikde elektron senagatyny ösdürmek, ýokary tehnologiýaly kärhanalary döretmek üçin zerur bolan ugurlarda işgärleri taýýarlamagyň ulgamyny işläp düzmegi tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklaryň ýagdaýyna seljerme geçirmek, 2021-nji ýyl üçin täze gurluşyk maksatnamasyny kesgitlemek boýunça gurluşyk we senagat toplumlaryna gözegçilik edýän wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.

Söwda toplumyna gözegçilik edýän wise-premýere ýüzlenip, hormatly Prezidentimiz sarp edilýän harytlaryň, aýratyn-da, oba hojalyk toplumynda öndürilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak işleriniň haýal alnyp barylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere degişli pudak edaralarynyň ýolbaşçylary bilen ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň eksport edilýän möçberlerini artdyrmagyň meselelerini işläp taýýarlamagy tabşyrdy.

Bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryna gözegçilik edýän wise-premýeriň hasabatynda bellenilişi ýaly, ýaş nesliň mynasyp derejede bilim almagyny hem-de hünär başarnyklaryny artdyrmak, ýokary derejeli bilimli, beden taýdan sagdyn, watançylyk ruhundaky giň dünýägaraýyşly şahsyýetleri terbiýelemek maksady bilen, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn we okuw-usulyýet binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Sanly bilimiň mümkinçilikleri işjeň peýdalanylýar. «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşikleriniň döwlet tapgyry onlaýn usulda geçirildi, mekdep okuwçylary we talyplary halkara ders, taslama we internet bäsleşiklerine gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler. Wise-premýere ýüzlenip, döwlet Baştutanymyz ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine giriş synaglaryna hem, täze okuw ýylyna hem düýpli taýýarlyk görmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz ýokary okuw mekdeplerine giriş synaglaryna jemgyýetçilik gözegçiligini üpjün etmegi hem-de ähli mekdeplerde sanly ulgam boýunça täze okuwlary geçmäge taýýarlyk görmegi talap etdi. Şunda Ylymlar akademiýasyna esasy orun degişli bolmalydyr. Şeýle hem milli Liderimiz ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça degişli resminamalara gol çekdi.

Mejlise gatnaşyjylary we ähli watandaşlarymyzy Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň başlygynyň orunbasarlygyna saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň eýýäm Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynyň başlygynyň orunbasarlygyna altynjy gezek saýlanýandygyny (58, 62, 64, 68, 71 we 75-nji sessiýalar) nygtady. Şeýle hem ýurdumyzyň döwletara derejede dostlukly gatnaşyklary hem-de köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltjekdigini nygtap, hormatly Prezidentimiz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary has-da giňeltmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Soňra welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Hasabatlarda bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň welaýatlarynda Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde häzirki döwürde tassyklanylan meýilnama boýunça medeni-durmuş we senagat maksatly desgalaryň birnäçesiniň gurluşygy alnyp barylýar. Ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin meýdan işleri geçirilýär. Milli Liderimiz obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýere, welaýatlaryň häkimlerine we oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, oba hojalygyny ösdürmek, aýratyn-da, pagtanyň öndürilýän möçberini artdyrmak boýunça kabul edilen maksatnamalary işjeň durmuşa geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, döwlet Baştutanymyz öňde boljak möhüm wakanyň — 25-nji sentýabrda geçiriljek Halk Maslahatynyň mejlisiniň ähmiýetini nygtady. Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, şonuň ertesi güni zähmetde uly üstünlikler gazanan we döwlet sylaglaryna hödürlenen raýatlarymyzy sarpalamak dabarasy bolar, 27-nji sentýabrda bolsa baş baýramymyz — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni dabaraly ýagdaýda belleniler. Maslahaty geçirmegiň, oňa taýýarlyk görmegiň möhletleri baradaky degişli Permana we Karara gol çekip, milli Liderimiz umumymilli forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

“Nesil” gazeti,

07.07.2020ý.