Biziň çagalarymyz sözüň doly manysynda bagtly döwrüň neslidir.
Biz bilim ulgamyny has-da ösdürmäge, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly ýaş nesli kemala getirmäge uly ähmiýet berýäris.
Geljegimiz bolan ýaş nesillere döwrebap bilim we terbiýe bermek, olaryň beden taýdan sagdyn bolup ýetişmeklerini gazanmak hem örän möhüm wezipeleriň biridir. Bu wezipeleri ýerine ýetirmek üçin ýurdumyzda netijeli işler alnyp barylýar.
Päk göwünli, arassa bedenli, maksatlary aýdyň ýigitlerimiziň we gyzlarymyzyň ýaşlykdan sporta bolan endigi özlerinde terbiýelemegi olaryň uzak hem-de sagdyn ömür sürmegi üçin zerurdyr.
Ilatymyzyň eşretli durmuşyň hözirini görmegi, ýaş nesillerimiziň bagtyýar durmuşda ösüp ulalmagy, mynasyp adamlar bolup ýetişmegi üçin yzygiderli alada edýäris.
Watanymyzyň röwşen geljegi üçin okamak, öwrenmek, zähmet çekmek bagtyýar ýaşlarymyzyň öňlerinde goýan baş maksadyna öwrülmelidir.
Okuwçylar we talyp ýaşlar döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň — röwşen geljegimiziň hatyrasyna amala aşyrylýan beýik işlere gowy okamak, çuň bilim almak we hünär öwrenmek bilen jogap berip, Watanymyzyň mynasyp ogul-gyzlary bolmalydyrlar.
Türkmen ýaşlarymyz hemişe dostluk, doganlyk ýörelgelerine eýermelidir. Bu iki düşünje jemgyýetimiziň asudalygyny, halkymyzyň agzybirligini, Garaşsyz Watanymyzyň ösüşini üpjün edýän uly güýçdür.
Ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatymyzyň aýratyn üns berilýän ugurlarynyň biridir.
Watançy nesillerimiz maşgala ojagynyň asylly däp-dessurlaryny — agzybirligimiziň, bitewüligimiziň hem-de pähim-paýhaslylygymyzyň binýady bolup hyzmat edýän milli ýörelgelerimizi dowam etmelidirler.
Ata-babalarymyz ak ýürekli we halal zähmet çekip, halal ýaşamak barada bize köp sanly öwüt-ündewleri, nakyllary, pähimleri miras goýupdyrlar. Biz hem, öz nobatymyzda, halallygyň, zähmetsöýerligiň nusgasy bolan pederlerimiziň mynasyp nesilleri bolmalydyrys.
Bu günki zehinli ýaşlar Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň geljekki beýik nesilleridir!
Eziz ýaşlar! Beýik Garaşsyzlygymyzy, hemişelik Bitaraplygymyzy pugtalandyrmak, mizemez döwletimiziň belent at-abraýyny goramak we barha artdyrmak üçin siziň etmeli işleriňiz örän köpdür.
“Nesil” gazeti,
11.07.2020ý.