MAGTYMGULY ADYNDAKY TÜRKMEN DÖWLET UNIWERSITETINE KABUL EDILŞIK

MAGTYMGULY ADYNDAKY TÜRKMEN DÖWLET UNIWERSITETINE 2020/2021-NJI ÝYLDA OKUWA KABUL ETMEGIŇ TERTIBI

2020/2021-nji okuw ýyly üçin hünärmenleri we bakalawrlary taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

Hünärmenleri taýýarlamagyň ugurlary (hünärleri):

1. Ma­te­ma­ti­ka we me­ha­ni­ka (hünärler: matematika; amaly matematika we informatika).

2. Fi­zi­ka we ast­ro­no­mi­ýa (hünärler: fizika; radiofizika we elektronika).

3. In­for­ma­ti­ka we ha­sap­la­ýyş teh­ni­ka­sy (hünär: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary).

4. Bio­lo­gi­ýa ylym­la­ry (hünär: biologiýa).

5. Hi­mi­ýa (hünär: himiýa).

6. Ýe­ri öw­re­niş ylym­la­ry (hünärler: geografiýa; kartografiýa; meteorologiýa; ekologiýa).

7. Psi­ho­lo­gi­ýa ylym­la­ry (hünär: psihologiýa).

8. Ta­ryh we ar­heo­lo­gi­ýa (hünärler: taryh; arheologiýa).

9. Fi­lo­so­fi­ýa we eti­ka (hünär: filosofiýa).

10. Yla­hy­ýet (hünär: ylahyýet).

11. Sy­ýa­sat ylym­la­ry we se­bit öw­re­niş (hünärler: syýasaty öwreniş; gündogary öwreniş).

12. Dil bi­li­mi we ede­bi­ýa­ty öw­ren­mek (hünärler: türkmen dili we edebiýaty; iňlis dili we edebiýaty; nemes dili we edebiýaty; fransuz dili we edebiýaty; italýan dili we edebiýaty; arap dili we edebiýaty; türk dili we edebiýaty; pars dili we edebiýaty; hytaý dili we edebiýaty).

13. Köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri we mag­lu­mat-ki­tap­ha­na işi (hü­när: žur­na­lis­ti­ka).

14. Hu­kuk işi (hünär: hukuk öwreniş).

Tölegli esasda hünärmenleri taýýarlamagyň ugurlary (hünärleri):

1. Ma­te­ma­ti­ka we me­ha­ni­ka (hünärler: matematika; amaly matematika we informatika).

2. Fi­zi­ka we ast­ro­no­mi­ýa (hünärler: fizika; radiofizika we elektronika).

3. In­for­ma­ti­ka we ha­sap­la­ýyş teh­ni­ka­sy (hünär: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary).

4. Bio­lo­gi­ýa ylym­la­ry (hünär: biologiýa).

5. Hi­mi­ýa (hünär: himiýa).

6. Ýe­ri öw­re­niş ylym­la­ry (hünär: geografiýa).

7. Psi­ho­lo­gi­ýa ylym­la­ry (hünär: psihologiýa).

8. Ta­ryh we ar­heo­lo­gi­ýa (hünär: taryh).

9. Dil bi­li­mi we ede­bi­ýa­ty öw­ren­mek (hünärler: türkmen dili we edebiýaty; iňlis dili we edebiýaty; rus dili we edebiýaty).

10. Hu­kuk işi (hünär: hukuk öwreniş).

Tölegli esasda bakalawrlary taýýarlamagyň ugurlary:

1. Ma­te­ma­ti­ka we me­ha­ni­ka (taýýarlygyň ugry: amaly matematika we informatika).

2. In­for­ma­ti­ka we ha­sap­la­ýyş teh­ni­ka­sy (taýýarlygyň ugry: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary).

Uniwersitete Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2020-nji ýylyň 6 — 19-njy iýuly aralygynda kabul edilýär.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry­nyň sa­na­wy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda hünär bilimi edaralaryna kabul edilende artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— şahsy pasportyny;

— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry we oku­wa ka­bul edil­mek uniwersitetde (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Balkan welaýaty — iýul aýynyň 22-23-i, 26-sy we 28-i günleri;

Mary welaýaty — iýul aýynyň 24-25-i, 27-si we 28-i günleri;

Lebap welaýaty — iýul aýynyň 29-30-y, awgust aýynyň 2-si we 4-i günleri;

Aşgabat şäheri — iýul aýynyň 31-i — awgust aýynyň 1-i, awgust aýynyň 3-i we 4-i günleri;

Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 5-6-sy, 9-y we 11-i günleri;

Ahal welaýaty — awgust aýynyň 7-8-i, 10-y we 11-i günleri.

Gi­riş sy­nag­la­ry aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

ma­te­ma­ti­ka; ama­ly ma­te­ma­ti­ka we in­for­ma­ti­ka; maglu­mat ul­gam­la­ry we teh­no­lo­gi­ýa­la­ry hünärleri we taýýarlygyň ugurlary — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy;

fi­zi­ka; ra­dio­fi­zi­ka we elekt­ro­ni­ka hünärleri — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

bio­lo­gi­ýa hünäri — biologiýa, himiýa, Türkmenistanyň taryhy;

ge­og­ra­fi­ýa; eko­lo­gi­ýa hünärleri — geografiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;

kar­tog­ra­fi­ýa; me­teo­ro­lo­gi­ýa hünärleri — geografiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

psi­ho­lo­gi­ýa hünäri — biologiýa, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

ta­ryh; ar­heo­lo­gi­ýa; gün­do­ga­ry öw­re­niş; sy­ýa­sa­ty öwre­niş; fi­lo­so­fi­ýa; yla­hy­ýet hünärleri — Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty, jemgyýeti öwreniş;

türk­men di­li we ede­bi­ýa­ty; žur­na­lis­ti­ka hünärleri — türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş;

iň­lis di­li we ede­bi­ýa­ty; fran­suz di­li we ede­bi­ýa­ty; nemes di­li we ede­bi­ýa­ty; pars di­li we ede­bi­ýa­ty; türk di­li we ede­bi­ýa­ty; arap di­li we ede­bi­ýa­ty; hy­taý di­li we ede­bi­ýaty hünärleri — saýlap alan hünär dili ýa-da iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

ital­ýan di­li we ede­bi­ýa­ty hünäri — iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

rus di­li we ede­bi­ýa­ty hünäri — rus dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

hu­kuk öw­re­niş hünäri — Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty, jemgyýeti öwreniş.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Degişli dil öwredýän derslerden başga, ähli dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan ta­lyp­ly­ga ka­bul edil­mek üçin ar­tyk­maç hu­kukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

— mugallymçylyk mekdebini tamamlan we mugallymçylyk ugrundan 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar (mugallymçylyk hünärlerine);

— çagyryş boýunça harby gullugy geçenler;

— hukuk öwreniş hünärine girýänler üçin hukuk goraýjy edaralarda 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi hem-de şol edaralaryň döwlet we welaýat derejesindäkilerinden hödürnamasy bolanlar.

Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti­niň sal­gy­sy: Aş­ga­bat ş., Sa­par­my­rat Türk­men­ba­şy şa­ýo­ly, 31, tel.: 94-69-90, 94-54-29.