DÜZÜMLERIŇ SAZLAŞYKLYIŞINI ÜP­JÜN ET­MEK ZE­RURDYR

10-njy awgustda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň welaýatlarynyň we paýtagtymyzyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny amala aşyrmak hem-de möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem öňde boljak baýramçylyklara we şanly wakalara taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiz ilki göni wideoaragatnaşyga Aşgabat şäheriniň häkimini çagyrdy. Häkim paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň hormatyna ulanmaga beriljek binalarda we desgalarda gurluşyk işleriniň barşy hakynda hasabat berdi. Hasabaty diňläp, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň baş şäherinde sanitariýa, ekologiýa we arassaçylyk işlerini üpjün etmek meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Käbir desgalaryň gurluşyk möhletleriniň tassyklanan tertipden yza galýandygyna nägilelik bildirip, milli Liderimiz olaryň öz wagtynda ulanmaga berilmeginiň üpjün edilmegini, şeýle hem Aşgabat şäheriniň häkimine bu meseleleri berk gözegçilikde saklamagy hem-de ýangyn howpsuzlygynyň üpjün edilmegine aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz güýz paslynyň ýakynlaşmagy bilen baglanyşykly ýyladyş möwsümine taýýarlyk görmek, mekdepleriň, çagalar baglarynyň we ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny abatlamak boýunça işleri geçirmek barada alada etmelidigini belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz göni wideoaragatnaşyga degişli yzygiderlilikde ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimlerini çagyrdy. Häkimler sebitlerdäki işleriň ýagdaýy, hususan-da, käbir möhüm desgalarda dowam edýän gurluşyk işleri, möwsümleýin oba hojalyk çärelerine — güýzlük bugdaý ekişine hemde pagta ýygymyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdiler. Gyş möwsümine taýýarlyk görmek hem-de ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hem aýdyldy.

Hasabatlary diňläp, milli Liderimiz oba hojalyk pudagynda işleri ýaýbaňlandyrmagyň möhümdigini belledi hem-de möwsümlere guramaçylykly girişmek we bellenilen möhletlerde üstünlikli geçirmek üçin ähli şertleriň döredilmegini tabşyrdy. Ýerleri, tehnikalary möwsüme taýýarlamak, obasenagat toplumynyň ähli düzümleriniň sazlaşykly işini üpjün etmek zerurdyr. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, daýhanlary ýokary hilli tohum, suw bilen üpjün etmek, özara hasaplaşyklary wagtynda geçirmek meseleleri berk gözegçilikde saklanylmalydyr. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz welaýatlarda ýyladyş desgalaryny gyş möwsümine taýýarlamak, mekdepleriň, çagalar baglarynyň we ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny abatlamak boýunça işlere aýratyn üns berilmelidigini belledi. Ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmek bilen bagly meseleler hem hemişe berk gözegçilikde saklanylmalydyr.

Milli Liderimiz hasabatlary jemläp, welaýatlaryň häkimlerine agrotehniki kadalary berjaý etmek bilen ähli oba hojalyk işlerini ýokary guramaçylykly geçirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Pagta ýygymy möwsümini hem-de güýzlük bugdaý ekişini zerur bolan tehniki serişdeler bilen doly üpjün etmek meseleleriniň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyz oba hojalyk möwsümlerini öz wagtynda geçirmek hem-de ýetişdirilen hasyly saklamak hakynda irgözinden alada etmek boýunça ähli çäreleri görmegi talap etdi. Welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen esasy wezipeleri çözmäge geljekde hem aýratyn ähmiýet berilmelidigini nygtap, hormatly Prezidentimiz görülýän düýpli çäreleriň ýurdumyzyň sebitleriniň kuwwatyny artdyrmaga hem-de olaryň ilatynyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini aýtdy.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, milli Liderimiz oňa gatnaşanlara eziz Watanymyzy gülledip ösdürmegiň, türkmen halkynyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmagyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

“Nesil” gazeti,

13.08.2020ý.