17-nji awgustda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň welaýatlarynyň hem-de paýtagtymyzyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmak, möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli desgalaryň ulanylmaga berilmegine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Milli Liderimiz, ilki bilen, göni wideoaragatnaşyga Aşgabat şäheriniň häkimini çagyrdy. Häkim paýtagtymyzda işleriň ýagdaýy, ony abadanlaşdyrmak boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem iri desgalaryň gurluşygynyň barşy hakynda habar berildi. Hasabaty diňläp, döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň depgininiň pesdigini belledi. Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmegiň wezipelerini çözmäge düýpli we jogapkärçilikli çemeleşmegiň möhümdigini aýdyp, hormatly Prezidentimiz şäherde arassaçylygy saklamak, jemagat gulluklarynyň bökdençsiz işini üpjün etmek babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şonuň bilen bir hatarda, milli Liderimiz Aşgabat şäheriniň häkiminiň ünsüni nobatdaky gyş möwsümine taýýarlyk görmek bilen bagly işlere çekdi. Şeýle hem häkime paýtagtymyzyň täze gurulýan desgalarynda işleriň hiline we öz wagtynda ýerine ýetirilişine, şäherde ýangyn howpsuzlygynyň kadalarynyň berjaý edilmegine berk gözegçilik etmek tabşyryldy.
Soňra döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyga degişli yzygiderlilikde ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimlerini çagyrdy. Häkimler welaýatlarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, pagta ýygymy möwsümine we güýzlük bugdaýyň ekişine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdiler. Şeýle-de möhüm desgalaryň gurluşygynyň barşy, ýerlerde durmuş-ýaşaýyş binalaryny döwrebaplaşdyrmak, inženerçilik ulgamlarynyň ýyladyş möwsümine taýýarlygyny üpjün etmek hakynda hasabat berildi.
Hasabatlary diňläp, hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň obasenagat toplumynyň öňünde durýan wezipeleriň möhümdigini belledi, pagta ýygymynyň takyk guralmagyna ünsi çekdi. Tehnikalaryň we enjamlaryň, kabul ediş bölümleriniň hem-de pagta arassalaýjy kärhanalaryň taýýarlygy, kärendeçiler üçin zerur bolan şertleri döretmek bilen bagly meseleleriň oýlanyşykly çözülmegi pagta ýygymynyň üstünlikli geçirilmegine ýardam eder. Şeýle hem milli Liderimiz bugdaýyň täze bereketli hasylynyň düýbüni tutmak üçin güýzlük bugdaý ekişine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek barada häkimlere degişli görkezmeleri berdi.
Bulardan başga-da, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň welaýatlarynda güýzlük ýeralma, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerine talabalaýyk ideg edilmegini, olardan ýokary hasylyň öndürilmegini talap etdi. Şolar bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz täze gurulýan desgalarda işleri öz wagtynda tamamlamak, nobatdaky ýyladyş möwsümine taýýarlyk görmek, ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmek bilen bagly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, milli Liderimiz ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek meselesiniň üstünlikli çözülmeginiň möhümdigini nygtady. Bu maksat bilen, maldarçylyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak, pudagyň ot-iým binýadyny pugtalandyrmak zerurdyr. Türkmenistanlylaryň ýylyň ähli paslynda ter gök önümleri bilen üpjün edilmelidigini belläp, döwlet Baştutanymyz sowadyjy ammarlaryň gurluşygyna ünsi güýçlendirmegi tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz dünýäde emele gelen ýagdaýlary nazara alyp, ilatyň saglygyny goramak meselesini hemişe üns merkezinde saklamagyň zerurdygyny belledi. Jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek, bedenterbiýäniň we sportuň ähmiýetini düşündirmek bilen baglanyşykly wagyz-nesihat çäreleriniň geçirilmegi tabşyryldy. Bilim ulgamynda özgertmeleriň durmuşa geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigine ünsi çekip, milli Liderimiz täze okuw ýylyna talabalaýyk taýýarlanmagyň, şunda emele gelen ýagdaýlaryň göz öňünde tutulmagynyň zerurdygyny nygtady.
Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, döwlet Baştutanymyz oňa gatnaşyjylara Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hem-de halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
“Nesil” gazeti,
20.08.2020ý.