Hormatly Prezidentimiz Konstitusion toparyň mejlisini geçirdi
19-njy awgustda milli Liderimiz wideomaslahat görnüşinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparyň mejlisini geçirdi. Bu topar döwlet Baştutanymyzyň geçen ýylyň sentýabr aýynda gol çeken Permanyna laýyklykda döredildi.
Hormatly Prezidentimiz mejlisi açyp hemde Konstitusion toparyň agzalaryna ýüzlenip, 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň durmuşynda aýratyn möhüm wakanyň, ýagny Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisiniň bolup geçendigini nygtady. Bellenilişi ýaly, onda ýurdumyzda konstitusion özgertmeleriň täze tapgyryna badalga berildi, Garaşsyz Watanymyzyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek barada başlangyç öňe sürüldi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion topar döredildi, geçen ýylyň 4-nji oktýabrynda onuň birinji mejlisi geçirildi. Şondan bäri Konstitusion toparyň üç mejlisi geçirildi.
Bular barada aýtmak bilen, milli Liderimiz geçirilen şol işleri nazara alyp, ýurdumyzyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek hem-de «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky» Konstitusion kanunyň deslapky taslamasy bilen bagly esasy meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygyna söz berdi.
Ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň adyndan çykyş eden TDP-niň ýolbaşçysy «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli, örän oýlanyşykly hem-de çuň paýhasly döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilip, eziz Watanymyz Türkmenistanyň ösüşleriň ynamly ýoly bilen belent derejelere ýetendigini buýsanç bilen belledi. Bu babatda jemgyýetçilik guramalary tarapyndan alnyp barylýan wagyz-nesihat işleri dogrusynda aýdyp, TDP-niň başlygy çykyşynyň ahyrynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň adyndan hormatly Prezidentimize berk jan saglyk we alyp barýan asylly işlerinde täze beýik üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra çykyş eden adalat ministri milli Liderimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň okgunly ösýändigini, halkymyzyň abadan we parahat durmuşyny üpjün etmek maksady bilen, döwlet gurluşynyň hukuk esaslarynyň yzygiderli kämilleşdirilýändigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, hukuk özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmek üçin Konstitusion toparyň mejlislerinde döwlet Baştutanymyz tarapyndan degişli işleriň toplumy anyk kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, Adalat ministrligi Türkmenistanyň Mejlisinde döredilen iş toparynyň garamagyna milli we dünýä tejribesini öwrenmek, umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalary esasynda taýýarlanylan teklipleri hödürledi. Şeýle hem şunuň bilen baglanyşykly ençeme işler durmuşa geçirildi we bu işler häzirki wagtda hem dowam etdirilýär.
Mejlisiň Başlygy hem öz çykyşynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işleriň hormatly Prezidentimiziň Konstitusion toparyň birinji mejlisinde tassyklan guramaçylyk işleriniň toplumlaýyn meýilnamasyna laýyklykda alnyp barlandygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, şunda amala aşyrylýan özgertmeleriň taryhy ähmiýetini hem-de Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasynyň many-mazmunyny ilatyň arasynda düşündirmek boýunça zerur işler geçirildi. Mejlisiň Başlygynyň habar berşi ýaly, ýurdumyzyň raýatlarynyň pikirini öwrenmek üçin milli Liderimiziň ähli mümkinçilikleri döredip bermegi bilen halkymyzyň işjeň gatnaşmagynda taýýarlanylan Konstitusion kanunyň taslamasy bilen Esasy Kanunymyzdan 1 maddany aýyrmak, 3 maddany goşmak, 27 madda degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek teklip edilýär.
Çykyşlary jemläp, döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky» Konstitusion kanunyň taslamasynyň halkymyzda uly gyzyklanma döredendigini belledi. Konstitusion toparyň ýanynda döredilen iş toparynyň maglumatlaryna görä, ýurdumyzyň Parlamentini Türkmenistanyň Milli Geňeşi diýip atlandyrmak baradaky teklibi goldap, müňlerçe raýatlarymyz maslahatlarda we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etdiler hem-de öz tekliplerini berdiler. Hormatly Prezidentimiz Milli Parlamentiň iki palataly gurluşyny döretmek, onuň palatalaryny Halk Maslahaty we Mejlis diýip atlandyrmak baradaky teklibiň hem giň goldawa eýe bolandygyny nygtady. Şoňa görä, oňyn halkara tejribe esasynda hem-de welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň ygtyýarlyklaryny giňeltmek, Milli Geňeşiň palatalarynyň mejlislerini geçirmegiň tertibini ýola goýmak maksady bilen, Halk Maslahatynyň düzümini emele getirmegiň taslamada beýan edilen tertibini hem köp sanly raýatlar makullap, öz tekliplerini berdiler.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Milli Parlamentimiziň iki palataly gurluşynyň döredilmegi bilen bagly Esasy Kanunymyza üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça alnyp barlan işlere mähriban halkymyzyň ýakyndan gatnaşandygyny we bu özgertmeleri giňden goldandygyny kanagatlanma bilen belledi. Şeýle hem bu işleriň guramaçylykly geçirilmegine işjeň gatnaşan adamlaryň ählisine minnetdarlyk bildirdi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz Mejlise şu Kanunyň kabul edilmegi bilen bagly hereket edýän milli kanunçylygymyza seljerme geçirmegi hem-de degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça alyp barýan işlerini dowam etmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Konstitusion toparyň we onuň ýanynda döredilen iş toparynyň agzalarynyň öz işlerini mundan beýläk-de sazlaşykly alyp barjakdyklaryna, öňde goýlan wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirjekdiklerine berk ynam bildirdi. «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasyny makullamak we Türkmenistanyň Halk Maslahatyna hödürlemek hakyndaky» Konstitusion toparyň kararyna gol çekdi.
Konstitusion toparyň iň soňky — dördünji mejlisini jemläp, milli Liderimiz oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
“Nesil” gazeti,
22.08.2020ý.