Şeýle şygar bilen golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Geňeşi «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Daşoguz welaýat bölümi bilen bilelikde, «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda sportuň çekişme görnüşi boýunça ýaryş geçirdi.
Ýaryşa «Jeýhun», «Berkarar» hem-de «Guwanç» toparlary gatnaşdylar. Ýaryş gyzykly hem-de çekeleşikli ýagdaýda geçdi. Netije-de, «Berkarar» topary 1-nji orna, «Guwanç» topary 2-nji orna, «Jeýhun» topary 3-nji orna mynasyp boldular.
Ýeňijilere, şeýle-de işjeň gatnaşanlara ýaryşyň guramaçylary tarapyndan dabaraly ýagdaýda Hormat hatlar hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Serdar GARLYÝEW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Boldumsaz etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.