GIRIŞ SYNAGLARY GOLAÝLAP BARÝAR
Şol günki duşuşykdan soň, Aýdogdy üçin älemiň gapylary açylan ýaly boldy. Ol irginsizlik bilen okap başlady. Alnynda ýaz pasly. Ol bu gezekki bütin ýazy okap geçirdi. Okadygysaýyn, köp zatlara magat göz ýetirdi. Okap, bilim alyp, kämil söýgini hem döredip bolýar. Hakykatdan hem, okaýan ýigide gyzlar öz ýanyndan aýratyn mähirli «syn» berýär. Muňa Aýdogdynyň kitaphana gatnan döwründe Perizat bilen ýygy-ýygydan gabat gelmegi we ol ýerde ikisiniň bilelikde ylym, bilim hakynda pikir alyşmaklarynyň netijesinde aralaryndaky mähirli gatnaşyklaryň barha jebisleşmegi, şeýle-de, okadygysaýyn ýene okamaga höwes döremegi-de aýdyň şaýatlyk edýär.
Ine-de, arlyja tomsuň soňky aýy. Ýarym ýyl magat taýýarlanan ýigit ýokary okuw mekdebine synag tabşyrmak üçin geldi. Ol batly gadam bilen öňe dyzap, bilimini, gujur-gaýratyny jylawlap başlady. Elbetde, adam aýgytly pursatda özüne ýakyn görýän, dertdeş hem syrdaş hasaplaýan ynsany ýadyna salsa, ol özüni ýeňil duýýar. Şeýle ýagdaý Aýdogdy-da hem boldy. Ol wakalary kino lentasy dek pikir eleginden geçirip, ezberlik bilen jogaplary kagyza siňdirdi. Berlen jogaplar dogry we dürs bolup çykdy. Aýdogdy instituta talyp hökmünde kabul edildi. Ol begenjine guş bolup uçaýjak ýalydy.
Hoş habary tizden-tiz Perizada buşlasy, onuň bilen ikiçäk galyp ähli zady, şol günki wakanyň synaglarda beren kömegine çenli aýdasy geldi. Ol howlugýardy. Şol bir wagtda pikir hem edýärdi. Telefonyň sesi ýigidiň bar pikrini böldi. Ol howlukmaç telefon belgisine seretdi. Görse, Perizat jaň edýär. Ýigit begenjini gyz bilen paýlaşdy. Perizat Aýdogdynyň begençli sözlerini diňläp durşuna, adama islendik pursatda özünde jemlän erkiniň we ynamynyň peýda edýändigine ýene bir gezek göz ýetirdi.
Gurbanmyrat GURBANOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç
etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.