Hormatly Prezidentimiziň parasatly döwlet baştutanlygynda «Açyk gapylar» syýasatynyň işjeň alnyp barylmagy netijesinde, ýurdumyzyň halkara ykdysady strategiýasy netijeli durmuşa geçirilip, dünýä döwletleri bilen ýola goýlan halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barha ösdürilýär. Ykdysady diplomatiýanyň bir bölegi bolmak bilen, döwletleriň arasynda alnyp barylýan ulag we aragatnaşyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyk häzirki döwürde döwletleriň we halkara guramalaryň arasynda ünsi çekýän we wajyp ähmiýete eýe bolup durýan ugur hökmünde öňe çykýar. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynda giňden beýan edilýän başlangyçlar ulag dogrusynda hem möhüm ähmiýetli halkara başlangyçlary gyzgyn goldawa eýe bolýar. Globallaşýan şertlerde möhüm ugur hasaplanýan ulagyň adamzadyň durmuşynda möhüm oruny eýeleýändiginden ugur alsak, bu ugurdaky ýurdumyzyň daşary syýasatda amala aşyrýan netijeli ädimleri dünýä jemgyýetçiliginde giň seslenme döredýär.
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda köpugurly ulag şahalaryny döretmek, ulaglar ulgamynyň häzirkizaman gurşawyny we ösen ulag infrastrukturasynyň binýadyny kemala getirmek boýunça ägirt uly işler amala aşyrylýar. Munuň özi, dünýä döwletleri bilen alnyp barylýan gatnaşyklarda ýokary hil derejä çykan hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk-doganlyk ýörelgelerine esaslanýan ygtybarly hyzmatdaşlyga giň mümkinçilikleri açýar. Hut şu esasda ulag ýurdumyzyň daşary syýasatynda möhüm orna çykyp, netijeli gatnaşyklar alnyp barylýar. Şunlukda, ýakyn-u-alysa uzalýan dostluk ýollary diňe bir sebitleri däl, eýsem yklymlary hem birleşdirýär.
Häzirki wagtda ulaglar ulgamynyň pudaklarynyň maddy-tehniki binýady döwrebaplaşdyrylýar, ýurdumyzda giň gerimli taslamalar durmuşa geçirilýär. Içeri syýasy üstünlikler we durnuklylyk gönüden-göni daşary syýasata özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Bu bolsa, netijeli giň halkara hyzmatdaşlygyna ýol açýar. Taryha nazar salsak, BMG-niň 68-nji mejlisinde öňe süren başlangyjyny iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň çäklerinde paýtagtymyzda “Halkara hyzmatdaşlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň tutýan orny” atly halkara maslahaty ýokary derejede geçirilip, bu maslahat taraplaryň arasynda köptaraply pikir we tejribe alyşmaga giň mümkinçilik berdi. Bu halkara maslahatyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Awtomobil ulaglary ministrligi, Halkara awtomobil ulaglary birleşigi, Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça ykdysady we durmuş komissiýasy, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy hem-de Ýewropa–Kawkaz–Aziýa ulag geçelgesiniň Hökümetara topary (TRASEKA) bilen bilelikde guraldy. Halkara maslahatyň jemleri boýunça oňa gatnaşyjylaryň biragyzdan goldamagy bilen, Aşgabat Jarnamasyna gol çekildi. Taryhy resminamanyň kabul edilmegi ulag ulgamyny dünýäde ösdürmek we döwletleriň arasyndaky dostlukly-doganlykly gatnaşyklarynda eýeleýän möhüm ornuny berkitmek üçin alyp barýan işiniň netijesi we dowamydygyny bellemek gerek.
Ulag ulgamynyň diplomatik ugry bolsa, «Açyk gapylar» syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýän döwründe Türkmenistan üçin sebit we halkara giňişliginde iňňän möhüm ähmiýete eýe bolan oňyn we netijeli ädimdir.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly döwlet baştutanlygynda ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň giň gerimde alnyp barylmagy, möhüm we barha uly geljegi bolan ugurda özara peýdaly halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ýurdumyzyň ösüşleriniň ygtybarly kepili bolup durýar.
Nurýagdy GALPAKOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat
Geňeşiniň baş hünärmeni.