ARKADAG ŞÄHERI — ÝAŞLYGYŇ WE GÖZELLIGIŇ ŞÄHERI

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda döwletimiziň ösüşiniň täze tapgyrynda mähriban Watanymyzy syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösdürmekde, ýurdumyzda binagärlik we şähergurluşyk işini ýokary derejelere ýetirmekde, ýaşamak üçin has oňaýly şertler döredilen döwrebap obalary, şäherçeleri, şäherleri gurmakda, durmuşymyzyň ähli ugurlaryna sanly ulgamy, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmakda, sebitleri hemmetaraplaýyn we gyradeň ösdürmekde giň gerimli işler üstünlikli alnyp barylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary, egsilmez yhlasy, eziz Watanymyza, mähriban halkymyza çäksiz söýgüsi bilen sanlyja ýyllaryň içinde gojaman Köpetdagyň eteginde häzirki zamanyň «akylly» şäher konsepsiýasynyň ýörelgeleri esasynda gurlan ajaýyp şäher — Arkadag şäheri kemala geldi. Türkmenistanyň Kanuny esasynda bu ajaýyp şähere döwlet ähmiýetli şäher diýen hukuk derejesi berildi. Munuň özi, berkarar döwletimizde halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşy, abadan durmuşy, nurana geljegi barada edilýän taýsyz tagallalaryň aýdyň mysalydyr. Arkadag şäheri — Gahryman Arkadagymyzyň mukaddes türkmen topragynda, gadymy Oguz ýurdunda ak mermerli binalar bilen ýazan kämil sungat eseri.

     Milli Liderimiz Arkadag şäheriniň ýaşlaryň şäheri bolmalydygyny belleýär. Şunda täze, «akylly» şäheriň döwrebap durmuş düzümlerinde ýaşlara uly orun degişlidir. Çünki ýaşlar — döwletimiziň şu günki daýanjy hem geljegi, ösüşlerimiziň hereketlendiriji güýji. Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly maslahatlary bilen şäherde döwrebap durmuş düzümleriniň döredilmeginde ýaşlaryň täzeçil tekliplerine, ukyp-başarnyklaryna uly ähmiýet berilmegi-de, ýurdumyzda ýaşlara aýratyn ynamyň bildirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

     Arkadag şäheriniň gurluşygynda dünýäniň iň gowy tejribesiniň ulanylmagy hem-de döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berlendir. Arkadag şäheriniň açylmagy mynasybetli we sebitde deňi-taýy bolmadyk bu şäheriň ähmiýetini açyp görkezýän «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly kitaby neşir edildi. Bellenilişi ýaly, bu kitaby okyjylar köpçüligi, tutuş halkymyz «akylly» Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna mynasyp sowgat hökmünde kabul etdi. «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly kitabyň Arkadag şäheriniň açylmagyna bagyşlanan täze neşirinde döwrebap şäheriň birinji tapgyrynda ýerine ýetirilen işler baradaky maglumatlar, täze binalaryň we gurluşyk işleriniň özboluşly aýratynlyklary barada gürrüň berýän fotosuratlar bilen utgaşdyrylmagy aýratyn özüne çekijiligi bilen tapawutlanýar. Bu kitap ähli raýatlarymyz, şol sanda ýaş nesillerimiz üçin gymmatly maglumat çeşmesi bolsa, daşary ýurt okyjylaryny Arkadagly Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda sanly innowasiýalara esaslanyp, alnyp barylýan ägirt uly şähergurluşyk işleri bilen tanyşdyrmak üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

Göreni haýrana goýýan «Arkadag» şäherini gurduryp beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan döwletli tutumlary mundan beýläk-de rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!

 

Ýazjemal BAZAROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Daşoguz şäher Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar