“ARKADAGYŇ GÖRELDESI – ÝAŞLARYMYZYŇ ÝÖRELGESI”

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe günlerimiz, aýlarymyz bir-birinden zyýada gelýär. Gahryman Arkadagymyzyň: “Ýaşlar döwletimiziň şu güni we geljegidir”, “Ýaşlar biziň başyny başlan işlerimizi mynasyp dowam etdirijilerdir” diýen ganatly sözleri türkmen ýaşlarynyň diliniň senasyna, durmuşyndaky ýörelgä öwrülip, olary nurana ertirlere ruhlandyrýar. Ýaşlykda güýç-gaýrat, täzeçillige bolan ymtylyş bar. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde ýaşlara wajyp orun degişli bolup durýar. Häzirki döwürde dünýä ylmyna çuňňur aralaşýan türkmen ýaşlary ähli ugurlarda işjeňlik görkezýärler. Bu bolsa, ýurdumyzda alnyp barylýan giň möçberli işleriň oňyn netije berýändiginiň aýdyň beýanydyr. Ýurdumyzyň ilatynyň bagtyýar ýaşaýşynyň, eşretli geljeginiň üpjün edilmegi ugrunda uly tagalla edilýändigini duýýarys. Arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdunda ýaşamak, gör, nähili bagt!

     Ýaşlar hakynda uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ähli döwletli tutumlary hemişe rowaç alsyn! Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri mundan beýläk-de üstünliklere beslensin!

 

Derýa MAGSADOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Akdepe etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar