KÄTE YKBAL, KÄTE DURMUŞ

Käte ykbal, käte durmuş,

Çapraz atýar bijeleri.

Köňülleriň taryn urmuş,

Hasrat çekýär gijeleri.

 

Şöwür çeken gijeleriň,

Ertirlere bermez erki.

Garaşaýsaň, gijigersiň,

Berme munda umyt örki.

 

Umyt edip garaşanyň,

Dolanmasa arman bolar.

Ýetdim diýip göreşeniň,

Ýetdirmese güman bolar.

 

Şeýde-şeýde günler geçer,

Ýyllar geçer hasap bilen.

Bu ykbalda gazanjagyň,

Taparsyň sen azap bilen.

 

Gunça ORAZOWA,

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň

1-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2025 | 22 okalan

HALKYŇ ÝÜREGINDE ADY BAR

19 Noýabr 2025 | 25 okalan

BAG BITSE BAGTYÝARLYK BOLAR

19 Noýabr 2025 | 27 okalan

ÝAŞLAR – ATA-WATANYMYZYŇ GELJEGIDIR