KEŞDEÇILIK SUNGATY DÜNÝÄ ÝAŇ SALÝAR

     Türkmen zenanyna baha berjek bolsaň, onuň döreden keşdedir nagyşlaryny synlaýmalydyr. Iňňedir sapakdan döreýän läle ýaly keşdeler türkmen zenanynyň zähmetsöýerliginiň, hyýalbentliginiň, edep-ekramlylygynyň, suratkeşliginiň nyşanydyr. Ol taryh içre eneden-gyza, terbiýeden-terbiýä geçip gelýän inçe senetdir. Arzuw-hyýallara beslenen, yhlas bilen bejerilen keşdeler mähriban enelerimizden galan gymmatly mirasdyr. Şonuň üçinem bu özboluşly täsin sungaty döredip bilen hem-de üstünden ýyllar, asyrlar geçse-de, şu günki güne çenli şol mukaddes senedi ösdürip, kämilleşdirip gelýän türkmen zenanynyň yhlasyna, zähmetine diňe guwanaýmak galýar.

     Dürli reňkde öwüşgün atyp duran simden çekilen ýaly keşdeler hiç mahal öz owadanlygyny, nepisligini ýitirmejek, mähir-muhabbete ýugrulan üýtgeşik dünýäden habar berýär. Gyz-gelinleriň uz barmaklarynyň gudratyndan dörän keşdeler kalplara, teşne ýüreklere ýol açýar, nusga bolup ilden-il gezýär. Gözüň ýagyny iýip barýan nagyşlarda türkmen zenanynyň owadan, syrly dünýäsi keşdelenendir. Asyrlar boýy ýaşap gelýän ajaýyp sungatyň, has dogrusy, keşdeleriň taryhyny yzarlasaňam, şu günki durmuşyny beýan etseňem, ol diňe gözellik üçin ýaşaýan, diňe gözellik döredýän beýik sungatdyr.

     Gelin-gyzlarymyzyň bütin durkuny bezeýän keşdelerimizde, nagyşlarymyzda türkmen sährasynyň, ýaşyl ýaýlalarymyzyň göwnüňi heýjana getirýän mahmal öwüşginli dürli reňkdäki gülleriň, asmanda şuglasyny saçyp duran güneşimiziň keşbini görýäris. Uludan-kiçisini boýdan-başa, şeýle hem öýüniň iç-daşyny nagyşlar, keşdeler bilen bezemegi başaran türkmen zenanynyň gözýetiminiň giň, kalbynyň baý, ýüreginiň bolsa örän owadandygyny görüp bolýar. Geýimleri ýaş tapawudyna laýyk bejermek, ýaşyna görä keşdeleri saýlamak hem zenanlaryň öz işine örän çynlakaý, ýerlikli seredýänligini aňlatsa, her ýaşa kybap gelşik, bezeg berýän keşdeleriň döredilmegi bu sungatyň geriminiň  örän giňdigini subut edýär. Köp nagyşlar asyrlaryň dowamynda başky şekilini ýitirmän gelýän bolsa, häzirki döwürde eli çeper zenanlarymyz täze-täze keşdeleri oýlap tapmak bilen bu senedi baýlaşdyrýarlar.

     Ýaňy tikin tikmegi öwrenen gyzjagazyň tiken ilkinji işiniň suwa akdyrylmagy ýa-da oda atylmagy yrym edilipdir. Bu şol gyzjagazyň eliniň çeper bolmagyny aňladýar. “Tegbent, çyraz, gazaýak, gülýaýdy, erikgül, dagdan, çopantelpek…” ýaly sanasaň sogaby bolan keşdeleriň döreýiş taryhy rowaýatlara siňipdir. Gadym türkmen gyzynyň söýgüsi, arzuwy bilen dörän owadan keşdäniň adynyň “Armankeşdedigini” köpler bilýärler.

     Keşdeler köplenç gelin-gyzlaryň hüý-häsiýetini açmak üçin hem syrly çeşmedir. Köpi gören synçy zenanlarymyz keşdesine garap, onuň eýesiniň häsiýetini görüpdirler. Inçe işleriň eýesine mähirli, kanagatly, sabyrly maşgala hökmünde baha beripdirler. Keşdeler zenan kalbynyň nagşydyr. Olar diýseň owadan, syrly we nepis.  Ene-mamalarymyz özleriniň el hünärleri bilen milli egin-başlary tikip, halallyga gol berip ýaşapdyrlar. Elde ýerine ýetirilýän keşdesidir gaýmasy, köjümesidir pugtamasy, basmasydyr süňsügi, alajasydyr aldymgajy, jähegidir çeplisagy bilen egin-eşiklerini gözel görke getiripdirler.

 

Taýýarlan: Mähriban SEÝLIÝEWA,

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň

Gubadag şäher merkezi kitaphanasynyň I derejeli kitaphanaçysy,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.

Öňki makala

EJEME

Indiki makala

SEN GELERDIŇ ÝANYMA

Meňzeş habarlar