Uzak ýolda ýoldaş boljak,
Eje seniň ak pataňdyr.
Käte ykbal oýun edip.
Azaşdyrsa, öz hatamdyr.
Güller bitse bossanyna,
Günler gelip gyssanynda.
Dertler meni gysymlanda,
Dilegleriň halas eder.
Çapraz geler käte bije,
Ykbal meni goýsa gije,
Mähir doly sözler bilen,
«Gamlanma» diý, meni tije...
Eje seniň diýşiň ýaly,
Oturmaryn hijem bikär.
Goý, ykbalym synabersin,
Synaglarda süňňüm bekär.
Arzuwlarym bagt bolup,
Meň dünýäme nur eçiler.
Öwütleriň hemra bolsa,
Uzak-uzak ýol geçiler.
Ýiten ýoldan ýoda çekip,
Dolanaryn ýene saňa.
Görejini ýola dikip,
«Geläý, balam» diýer maňa.
Syrly dünýäň synagynda,
Guşaryn men bili gaýym.
Bu ýollaryň ahyrynda,
Serpaý bolar bagt paýym.
Hasyl bolsa arzuwlarym,
Begenersiň menden artyk.
Güni geler senem onsoň,
Söýgülärsiň ogul-agtyk.
Gunça ORAZOWA,
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň
1-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.