SUNGAT — ÝÜREKLERIŇ OWAZY

     Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Geňeşi «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda «Sungat — ýürekleriň owazy» ady bilen surat çekmek boýunça bäsleşik geçirdi.

     Bäsleşige gatnaşan çagalaryň çeken suratlarynda onuň şertlerine görä, Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşi, parahatsöýüjilik ýörelgeler, döwletimizde durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler we ýetilen sepgitler, ýaşlaryň bagtyýar durmuşy, türkmen halkynyň baý geçmiş mirasyny, medeni gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy, ýurdumyzyň gözel künjeklerindäki baý tebigatymyzy şöhlelendirýän çeper keşpler öz beýanyny tapdy.

     Bäsleşigiň emin agzalarynyň gelen netijelerine görä, Boldumsaz etrabynyň 17-nji orta mekdebiniň okuwçysy Bibijemal Şatlykowanyň çeken suraty 1-nji orna, «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan Ogulbäbek Bäşimowanyň, Boldumsaz etrabynyň 58-nji orta mekdebiniň okuwçysy Gurbanbaý Halbaýewiň çeken suratlary 2-nji orna, Köneürgenç etrabynyň 52-nji orta mekdebiniň okuwçysy Nurana Ýollyýewanyň, Boldumsaz etrabynyň 59-njy orta mekdebiniň okuwçysy Ogulşat Bezirgenowanyň, Boldumsaz etrabynyň 47-nji orta mekdebiniň okuwçysy Toýly Sabirowyň çeken suratlary 3-nji orna mynasyp boldylar.

     «Sungat — ýürekleriň owazy» atly surat bäsleşiginiň ýeňijilerine, şeýle hem işjeň gatnaşan çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Geňeşiniň Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Parahat SABIROW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Boldumsaz etrap Geňeşiniň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Öňki makala

SYRLY SOWALLAR

Indiki makala

EJEME

Meňzeş habarlar