Golaýda şeýle şygar bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşi «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde zehin bäsleşigini geçirdi. Bu bäsleşik çagalaryň wagtlaryny has-da gyzykly geçirmeklerini gazanmak hem-de zehinli çagalary ýüze çykarmak maksady bilen geçirildi. Bäsleşik gyzykly we çekeleşikli ýagdaýda geçip, ol tutuşlygyna ýatdan çykmajak pursatlara beslendi. Bäsleşige gatnaşyjylar goşgy okamak, erteki aýtmak hem-de berilýän syrly sowallara jogap bermek ýaly birnäçe şertler boýunça bäsleşdiler. Bäsleşikde has tapawutly çykyş eden çagajyklara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Gülşirin GAÝYPOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Akdepe etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.