SYÝASY ÖZGERTMELERIŇ ÝOLY BILEN

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni taryhy wakalara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli durmuşa geçirýän syýasaty netijesinde, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ilkinji günlerinde türkmen halkynyň gurluşy babatda köp asyrlyk taryhynda toplan tejribesini hemmetaraplaýyn nazara alyp, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy — Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi. Munuň özi, ýurdumyzyň döwlet hem-de jemgyýetçilik-syýasy gurluşyny kämilleşdirmegiň ýolundaky täze möhüm tapgyry alamatlandyrýar. Halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Halk Maslahatyny döretmek taglymatynyň öňe sürülmegi ýöne ýerden däldir. Bu taglymat öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdyp, esasy Kanunymyzda öz beýanyny tapýar. «Türkmenistanyň özygtyýarlylygy halk tarapyndan amala aşyrylýar, halk — döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydyr» diýip, Konstitusiýanyň 3-nji maddasynda berkidilýär. Bu bolsa öz gezeginde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýynyň esasy Kanun tarapyndan kepillendirilýändigini aňladýar.

     Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda, 18-nji iýulda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi hem taryhy ähmiýetliligi bilen alamatlanyp, şanly ýylymyzyň wakalaryna baý many çaýdy. Bu mejlisde Gahryman Arkadagymyz öz çykyşynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda, eziz Watanymyzyň baş baýramy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygyny dabaraly bellemek hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede guramaçylykly geçirmek boýunça görülmeli taýýarlyk işleri barada giňişleýin durup geçdi. Dogrusy, ösüşli Diýarymyzyň her ýylda Garaşsyzlyk baýramynyň dabaraly bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmek asylly däbe öwrüldi. Bu bolsa peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň aýdyň subutnamasydyr.

     Milli Liderimiz taryhy çykyşynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanuny esasynda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek, onuň geçiriljek senesini kesgitlemek hem-de düzümini tassyklamak, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary tarapyndan teklip edilýän jemgyýetçilik wekillerini hödürlemegiň Tertibini tassyklamak hakynda resminamalaryň kabul ediljekdigini aýtdy.

     Halkymyzy buýsandyrýan zatlaryň biri-de, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular Geňeşiniň döredilýändigi baradaky hoş habaryň aýdylyp, onuň düzgünnamasyny hem-de düzümini tassyklamak bilen baglanyşykly degişli kararyň kabul edilmegidir. Halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň Ýaşulular Geňeşiniň döredilmeginiň özi hormatly ýaşulularymyzyň türkmeniň asylly ýörelgelerine esaslanýan garaýyşlaryna, alyp barýan işlerine ýokary baha berilýändiginiň, olara aýratyn hormat-sarpa goýulýandygynyň güwäsidir. Türkmen halky hemişe dili senaly ýaşululara çuňňur hormat bilen garap, olaryň pikirini diňläp, baý durmuş tejribesine bil baglapdyr. Ýaşululara hormat-sarpa goýmak, olaryň mertebesini belende götermek bize pederlerimizden miras galan ýörelgedir.

     Dana pederlerimiziň millilige ýugrulan «Ýaşulusy bolmadygyň, ýaşkiçisi bolmaz», «Sen sylasaň garryny, Taňry sylar baryňy» diýen we başga-da ençeme ganatly sözleriň asyrlar aşan ömri, ähmiýetini ýitirmeýän güýji, geljekki nesilleriň ahlagyna täsir edijilik ýitiligi bar. Her bir döwletli işiň başyna barlanda, ýaşululara sala salmak, olaryň paýhasly pikirlerini diňlemek Gahryman Arkadagymyzyň kalbyna ornan düşünjedir. Ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgesine eýerýän Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçiriljek mejlisinde-de döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jemi jemleniler, şeýle hem häzirki talaplardan, täze ykdysady şertlerden ugur alnyp, täze taryhy döwürde öňde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar. Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly aýratyn möhüm hasaplanýan alty ugur barada aýdanlary bolsa, biziň her birimiziň geljekki ýolumyzyň şamçyragyna öwrüldi.

     Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlygynyň, hemişelik Bitaraplygynyň esaslaryny berkitmäge mynasyp goşant goşmaga, döredijilikli zähmet çekmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan döwletli işleri hemişe rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!

 

Altyn ATAKOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Öňki makala

BAÝDAGYM

Indiki makala

SYRLY SOWALLAR

Meňzeş habarlar