TARYHY GYMMATLYKLARA BUÝSANÇ

     Taryhy öwrenmek, geçmişde ata-babalarymyzyň geçen şöhratly ýoluny bilmek we taryhy-medeni ýadygärliklerimizi sarpalamak ýaşlar üçin belent borç hem wezipedir. 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda kabul edilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde taryhy ýadygärlikleriň durkuny täzelemek taslamalaryna ýaşlaryň gatnaşyp, zehinini görkezmegi üçin mümkinçilik döredilmegi baradaky kadanyň girizilmegi taryhy öwrenmäge höwesli ýaşlar üçin ajaýyp täzelik boldy.

     Ýaňy-ýakynda guralan gezelenç ýaşlarymyzyň arasynda milli mirasymyzy, we şöhratly geçmişimizi wagyz etmäge ajaýyp mümkinçilik boldy. Gezelenç çäresi «Geçmişiň ýaňy — geljegiň ýaňy» ady bilen ýaşlaryň gatnaşmagynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat, Köneürgenç we Saparmyrat Türkmenbaşy etrap Geňeşleriniň, Daşoguz welaýat teleradiostudiosynyň, Köneürgenç taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň bilelikde guramagynda geçirildi. Gezelenje Ýaşlar guramasynyň hem-de Köneürgenç etrap häkimliginiň jogapkär işgärleri, Köneürgenç etrap bilim bölüminiň hünärmenleri we mugallymlary, Köneürgenç taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýaş hünärmenleri, ýaşlar işjeň gatnaşdylar.

     Gezelenç çäresi milli medeni mirasymyzy, taryhymyzy öwrenmek we geljekki nesillere ýetirmek boýunça alnyp barylýan asylly işlere mynasyp goşant boldy. Bu ýerde bolan ýaşlar taryhy ýadygärliklerimizi çuňňur öwrenmek ugrunda ylmy ugurlar boýunça gözlegleri alyp barmagy maksat edinýändiklerini, bu gezelenjiň bolsa asylly maksatlar üçin geljekde berk binýat boljakdygyny buýsanç bilen belläp geçdiler.

     Gezelenje gatnaşýan ýaşlar biragyzdan milli mirasymyzy öwrenmekde we ony dünýä ýetirmekde nusgalyk görelde bolup durýan türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyza döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin ýüreklerinden çykýan alkyşlaryny beýan etdiler.

 

Mähri TOÝMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat

Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar