DIL BILMEGIŇ PEÝDASY WE TEHNOLOGIÝASY

     Ýaňy ýakynda Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Medeniýet merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzasy hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Akdepe etrap Geňeşiniň agzybir işgärleriniň gurnamagynda «Ýaşlar we döwür» atly pedagogika okuw maslahaty geçirildi. Bu maslahatyň diňleýjileri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Akdepe etrap Geňeşiniň hünärmenleri, işjeň agzalary hem-de Akdepe etrabynyň Andalyp şäherindäki birnäçe mekdep mugallymlary boldy. Maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, Kompýuter tehnologiýalary ugry boýunça Türkmenistanyň I derejeli ýaş alymy Dilnoza Mamutniýazowa «Dil guralmy ýa-da hünärmi?» atly tema bilen çykyş edip diňleýjileriň ünsüni has-da özüne.çekdi. Soňra TMÝG-niň Akdepe etrap Geňeşiniň hünärmenleri we işjeň agzalary hem «Dil bilmegiň peýdasy we tehnologiýasy» barada şeýle-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlara döredip berýän mümkinçilikleri dogrusynda çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Azada ORAZOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Akdepe

etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar