SAGDYN NESIL — KUWWATLY WATAN

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat hem-de Akdepe etrap Geňeşleri, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz welaýaty boýunça müdirligi, welaýatyň harby we hukuk goraýjy edaralary, bilim ulgamy hem-de jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, Akdepe etrabynyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işgärleriň, daşary ýurtda bilim alýan talyplaryň ene-atalarynyň, il ýaşulularyň, mährem eneleriň, ýaşlaryň gatnaşmagynda, «Sagdyn nesil - kuwwatly Watan» atly wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Bu çäre ýurdumyzyň migrasiýa babatdaky döwlet syýasatyndan gelip çykýan möhüm wezipeler babatynda ilatyň habarlylygyny ýokarlandyrmaga, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge, olaryň wagtlaryny manyly geçirmeklerini gazanmaga bagyşlanyldy. Çärede edilen çykyşlarda bular dogrusynda jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri giňişleýin gürrüň etdiler.

 

Şamyrat NAZAROW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Akdepe etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar