ÇAGA — DURMUŞYŇ BEZEGI

     Ýaňy-ýakynda şeýle şygar bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap Geňeşi tarapyndan etrabyň 10-njy çagalar bakja-bagynyň körpeleriniň gatnaşmagynda, körpeleriň arasynda «Kim çalasyn?» atly oýun görnüşindäki bäsleşik geçirildi. Bäsleşigiň maksady körpeleriň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmakdan, çeýe, çalasyn bolmagyna, pikirleniş ukybynyň artmagyna şeýle hem höweslendirmekden ybarat bolup durýar.

     Kiçi ýaşly körpe nesilleriň giň dünýägaraýyşly, edepli-ekramly, bilimli, terbiýeli bolmagy üçin çagalar baglaryndan başlap, orta mekdeplerde mugallymlar tarapyndan terbiýeçilik ähmiýetli işler yzygiderli geçirilýär. Esasan-da, sapaklaryň oýun-bäsleşik görnüşinde has köp geçilmegi çagalaryň ukyp-başarnyklarynyň artmagy, beden taýdan sagdyn bolmagy üçin oňaýly mümkinçilik bolup durýar. Şeýle sapaklar geçilende sanly ulgamyň miwesi bolan innowasion multimediýa tehnologiýalaryň hyzmatyndan giňden peýdalanylýar. Bu bolsa, çagalar üçin has gyzykly we özüne çekijidir.

     Ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň bagtyýar geljegi üçin taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

 

Gözel KUŞMEKOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Köneürgenç etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar