DIL BILMEK — DÜNÝÄNI BILMEK

     Ýaňy-ýakynda Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň medeniýet merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzasy Dilnoza Mamutniýazowanyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşiniň agzybir işgärleriniň bilelikde guramagynda, «Ýaşlar we döwür» atly pedagogiki okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatyna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Akdepe etrap Geňeşiniň hünärmenleri, işjeň agzalary hem-de etrabyň Andalyp şäheriniň mekdepleriniň ýaş mugallymlary diňleýjiler hökmünde gatnaşdylar. Maslahatda maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary ugry boýunça Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijisi Dilnoza Mamutniýazowa «Dil guralmy ýa-da hünärmi?» atly tema bilen çykyş etdi. Ýaş alym bilen diňleýjileriň arasynda sorag-jogaplar alşyldy. Ýaş alym daşary ýurt dillerini okatmagyň esasy psihologiki ýörelgeleri, dili özbaşdak öwrenmegiň usullary, şeýle-de ýaş nesillere bilim bermegiň derejesini kämilleşdirmek barada çykyş etdi. Okuw maslahatynyň dowamynda TMÝG-niň ýerli Geňeşiniň hünärmenleri hem dil bilmegiň peýdalary we tehnologiýasy babatda, şeýle-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlara döredip berýän mümkinçilikleri dogrusynda buýsançly çykyşlar etdiler. Maslahata gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza ýüreklerden çykýan alkyşlaryny beýan etdiler.

 

Azada ORAZOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Akdepe etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar