TÜRKMENISTAN – ÝUNESKO: TÜRKMEN ÝAŞLARYNYŇ HALKARA DEREJESINDÄKI ÜSTÜNLIKLERI

     Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi Ýaşlar guramasynyň işgärleridir agzalaryny, ähli türkmen ýaşlaryny begendirdi. Bu taryhy we ajaýyp wakanyň şanyna joşguna, şatlyga beslenen çäreler geçirilýär. Bu şatlykly habaryň şanyna, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi etrabyň bilim bölümi bilen bilelikde, Görogly etrabynyň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 65-nji orta mekdebinde «Türkmen ýaşlarynyň halkara derejesindäki üstünlikleri» atly duşuşyk çäresi geçirdi. Bu duşuşyga etrabymyzda hereket edýän Ilkinji Ýaşlar guramalarynyň başlyklary we işjeň agzalary gatnaşdylar.

     Duşuşykda çykyş eden ýaşlar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň (GYC) resmi agzalygyna kabul edilmeginiň buýsançly şygara beslenen ýylymyzyň mazmuny bilen sazlaşyp, ýaşlaryň bagtyýar geljegi üçin belent tutumlaryň amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny buýsanç bilen belläp, bu wakanyň ähmiýeti hakynda täsirli gürrüň etdiler.

     Ýatda galyjy häsiýetde geçen duşuşykda ÝUNESKO bilen köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmek, ýaşlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak babatdaky tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden alkyş sözleri aýdyldy.

 

Altyn ATAKOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar